Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin we onuň hytaýly kärdeşi Si Szinpin, Ukraina çozuşy sebäpli çuňlaşan halkara izolýasiýasynyň arasynda, hytaý lideriniň Moskwa dört ýylda ilkinji saparyny amala aşyrmagy bilen, gepleşikleriniň ikinji tapgyryny geçirer.
Putin bilen Si 20-nji martda Kremlde geçiriljek gepleşikleriň ilkinji gününiň başynda ýylgyryp görşüp, birek-biregi “eziz dost” diýip atlandyrdylar we öwgüli sözleri aýtdylar.
Hytaý lideriniň üç günlük saparynyň başlanmagy bilen, iki prezident ilkinji duşuşygyň başynda gysgaça beýanat etdi. Olaryň sözlerine görä, bu sapar iki ýurduň “çäksiz dostlugyny” çuňlaşdyrmak we Waşingtonyň olary izolirlemek, ösüşden saklamak synanyşygyna gaýtawul bermek üçin bir mümkinçilik bolup durýar.
20-nji martda gelen Si bilen geçirilýän duşuşyklar Putine, uruş jenaýatlary diýilýände aýyplanyp, tussag edilmegi üçin Halkara jenaýat kazyýeti (ICC) tarapyndan nyşana alnandygyna garamazdan, Russiýanyň dünýäniň beýleki ýerlerinden doly çetleşdirilmändigini öňe sürmek mümkinçiligini berýär.
Hökümetçi "Türkmenportal" neşiri Russiýanyň "Interfax.ru" neşirine salgylanyp, Moskwada rus we hytaý prezidentleriniň arasynda geçirilen resmi däl duşuşygyň dört ýarym sagada çekendigini habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet eýeçilgindäki habar serişdeleri Ukraindaky uruş bilen bagly maglumatlary çap etmeýär.