Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda pul nagtlaşdyrmak gaýtadan kynlaşýar. Balkanda köne we ýyrtyk manatlar köpelýär


Aşgabatda pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlar. Arhiw suraty
Aşgabatda pul nagtlaşdyrmak üçin nobata duran adamlar. Arhiw suraty

Aşgabatda ilatyň pul nagtlaşdyrmak işleri gaýtadan kynlaşýar. Häkimiýetler şäheriň käbir banklaryndaky bankomatlary söküp aýyrýarlar. Bu aralykda, Balkan welaýatynda ilat arasyndaky pul dolanyşygynda köne we ýyrtyk banknotlar köpelýär.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň maglumatlaryna görä, adatça şäher bankomatlaryndan pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar her aýyň başynda, ýagny ilatyň pensiýalary, döwlet kömek pullary we aýlyklary berlende güýçlenip, ikinji ongünlüginiň başynda gowşaýardy.

Ýöne bu aý ozalkylardan tapawutly bolup, bankomatlaryň öňündäki nobatlar 21-nji martda hem saklanyp galýar. Olardaky nagt pul bir-iki sagadyň dowamynda gutarýar.

"Problema örän ýiti. Aýyň başyndan bäri aýlygyny nagtlaşdyryp bilmeýän adam örän kän" diýip, habarçy belledi.

Bu kynçylyklaryň arasynda, häkimiýetler şäheriň käbir banklaryndaky bankomatlary, şol sanda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň howlusyndaky azyndan iki bankomaty söküp aýyrdylar.

"Häzirki wagtda Merkezi bankyň binasynda adamlaryň puluny diňe bir äpişgeden nagtlaşdyryp berýärler. Bank kartynyň eýesi şahsyýetini görkezýän pasportyny öz ýany bilen bankomat nobatyna alyp barmaly we pasportyny hem-de bank kartyny äpişgäniň aňyrsynda oturan işgäre bermeli. Her bir adam diňe bir bank kartyndaky puly nagtlaşdyryp bilýär. Adamlara çäkli möçberdäki pul nagtlaşdyrylyp berilýär" diýip, habarçy belledi.

Habarçy mundan ozal şäheriň esasy bazarlaryndaky käbir bankomatlaryň sökülip aýrylandygyny hem sözüne goşdy.

Aşgabatda bankomatlaryň sanynyň azalandygyny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýurtda bar bolan bankomatlaryň sany boýunça köpçülige ýetiren täze maglumatlary hem tassyklaýar.

Merkezi bankyň 1-nji martda täzelän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda ýurt boýunça 2137 bankomat bolup, olaryň 449 sanysy paýtagt Aşgabatda ýerleşýär. Bu görkeziji geçen ýylyň 1-nji oktýabrynda degişlilikde 2148-e we 454-e deňdi. Täze sanlar Aşgabatda hereket edýän bankomatlaryň bäşisiniň ýok edilendigini görkezýär.

Türkmen hökümeti ýurduň maliýe pudagynyň sanly ulgama geçirilýändigini, bank ulgamynyň kämilleşdirilýändigini we raýatlara töleg-hasaplaşyk ulgamynda döwrebap tehnologiýalaryň hödürlenýändigini ýygy-ýygydan tekrarlaýar.

Ýöne Merkezi bankyň çap eden täze sanlary "Bankomat sanynyň ösüş dinamikasynyň" pese gaçýandygyny tassyklap, häkimiýetleriň bu tagallalarynyň netijeliligi dogrusynda sorag döredýär.

Bu aralykda, Balkandaky habarçymyz bu sebitde-de ilatyň pul nagtlaşdyrmak işleriniň gaýtadan kynlaşýandygyny habar berýär. Ol muňa bir tarapdan bankomatlaryň sanynyň azlygynyň, beýleki tarapdan bolsa, olara salynýan puluň çäkliliginiň sebäp bolýandygyny aýdýar.

"Türkmenbaşy şäherindäki banklaryň köp bankomady hatardan çykypdyr. Köp bankomat abatlanmak üçin Aşgabada ugradylypdyr. Şäherde bar bolan bankomatlaryň öňünde nobatlar uly bolup, her raýata çäkli möçber pul berilýär. Her bir raýat bir bank amalynda 10-20 manat pul alyp bilýär" diýip, habarçy 21-nji martda aýtdy.

Türkmenistanda mundan 10 ýyl çemesi ozal raýatlaryň zähmet haklary, döwlet kömek pullary we pensiýalary bank hasaplaryna geçirilip başlandy we bu proses birnäçe ýylyň dowamynda tapgyrlaýyn esasda amala aşyryldy.

Ozallar nagt görnüşinde raýatlaryň ellerine gowşurylan tölegler, ilatyň bank hasaplaryna geçirilýär we raýatlar aýlyklaryny, döwlet kömek pullaryny we pensiýalaryny diňe bankomatlar arkaly nagtlaşdyryp bilýärler.

Ýöne Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda, bankomatlarda ýeterlik pul serişdesi tapdyrmaýar we ilat kartlaryndaky puly nagtlaşdyrmakda wagtal-wagtal kynçylyk çekýär.

Ýurt häkimiýetleri we metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada düşündiriş ýa maglumat bermeýärler.

Bu aralykda, Balkandaky habarçymyz şu günler ilat arasyndaky pul dolanşygynda köne we ýyrtyk banknotlaryň köpelendigi barada hem maglumat berdi.

"Türkmen manady öz hümmetini ýitirişi ýaly, asyl durkuny we arassalygyny hem ýitirip başlady. Häzir pullaryň köpüsi skoç, lenta bilen ýelmenendir. Hatda käbir ýyrtyk pullar ýelmenende bolup, olaryň ýarysy başga nomerli banknotlar bolýar. Ozallar 1-lik, 5-lik we 10-lyk banknotlar gaty köne we ýyrtyk bolan bolsa, häzir 20-lik, 50-lik we 100-lik banknotlar hem şeýle gözgyny ýagdaýda. Taksilerde we ýangyç guýýan beketlerde berilýän gaýtargy pullar it çeýnäne meňzeýär. Abat we bütin banknot tapmak kynlaşdy" diýip, habarçy belledi.

Türkmenbaşydaky telekeçileriň birnäçesi häzirki wagtda türkmen banklary tarapyndan berilýän pullaryň hem durkunyň örän ýaramazdygyny, köne we ýelimlenen banknotlaryň berilýändigini aýdýar.

"Geçen hepde Senagat bankyndan ýörite bank möhürli polietilen gaply 10 müň manady öýe getirdim. 10-lyk banknotlardan ybarat pullary açyp görenimde, olaryň arasynda skoç bilen ýelmenmedik ýekeje-de pul tapmadym. Mundan ozal banklar könelişen pullary dolanyşykdan aýryp durardylar, indi olaryň özleri ýyrtylan pullary ýelmäp, halka berip başlady" diýip, türkmenbaşyly telekeçi anonimlik şertinde 21-nji martda aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada ýurduň Merkezi bankyndan we "Senagat" bankyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG