Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bankomatlardan pul nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar ýene ýitileşýär


Bankomatyň öňünde nobata duran türkmenistanlylar
Bankomatyň öňünde nobata duran türkmenistanlylar

Lebapda býujetçiler eýýäm bir hepde töweregi wagt bäri bank kartlaryna geçirilen zähmet haklaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyklary çekýärler. Martdaky irki prezidentlik saýlawlaryna gabat bankomatlaryň işi az-kem kadalaşdyrylan bolsa-da, soňky aýdan bäri ilatyň pullaryny nagtlaşdyrmakdaky ozalky ‘oňaýsyz’ tejribeleri gaýdyp geldi.

“Maýyň ilkinji hepdesinde apreliň zähmet haklary bank hasaplarymyza geçirildi. Emma eýýäm iki hepde töweregi wagt bäri pullarymy elime alyp bilmeýärin. Munuň üçin, iki gün öňünden Türkmenabadyň banklarynyň birinde nobata ýazylmaly we nobatyň ýetýänçä her gün banka gatnap, sanawdaky ornuňy tassyklatmaly” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenabatly awtobus sürüjisi 16-njy maýda habarçymyza gürrüň berdi.

50 ýaşlaryndaky söhbetdeşimiz bankomatlaryň diňe irden sagat 7-9 aralygynda işleýändigini we günde diňe çäkli, ýagny 100 adamyň pullaryny nagtlaşdyryp bilýändigini aýtdy.

“Nobatyň ýeten güni, bankomatlar işläp başlamazyndan bir sagat öň, ýagny ir sagat 6-da eýýäm bankyň öňüne gelip, bellik etdirmeli. Nobata bankyň işgärleri we nobatçylyk çekýän polisiýa işgärleri gözegçilik edýärler. Emma polisiýa häli-şindi nobatsyz gelip, birdenkä ençeme kartdan pullary çekýär. Olaryň dürli bahana tapyp, yrsaramagyndan howatyr edip, hiç kim olara garşy çykyp bilmeýär” diýip, şular ýaly ençeme ýagdaýa şaýat bolandygyny aýdýan söhbetdeşimiz belledi.

Mundan öň, Azatlygyň habarçylary ýiti ykdysady krizisiň arasynda gurpdan düşen adamlaryň pullaryny nagtlaşdyryp bermek boýunça resmi däl hyzmatlaryň hödürleýändigini hem habar beripdiler. Olar bankyň wekilleriniň, kanun goraýjy gulluklaryň işgärleriniň, adatça, çekilýän puluň 20 göteriminiň öwezine raýatlaryň pullaryny nobatsyz nagtlaşdyryp berýändigini belläpdiler.

Azatlyk ýokarky ýagdaýlar boýunça ýurduň maliýe edaralaryndan, şol sanda degişli banklaryndan, şeýle-de kanun goraýjy gulluklaryndan goşmaça maglumat ýa düşündiriş alyp bilmedi.

Türkmenistan, resmi habarlara görä, sanly maliýe ulgamlaryny ilatyň durmuşyna ornaşdyrmak maksady bilen soňky alty ýyldan gowrak wagt bäri zähmet haklaryny, döwlet kömek pullaryny we pensiýalaryny raýatlaryň bank kartlaryna geçirýär. Şol bir wagtda, döwlet metbugaty söwda nokatlarynda hem töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny öňe sürýär.

Ýöne Azatlygyň habarçylary söwda nokatlarynda töleg terminallarynyň kadaly işlemeýändigi bilen birlikde, hususyýetçileriň käbir harytlar üçin tölegi diňe nagt görnüşinde kabul edýändiklerini belleýärler.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň websaýtynda berlen maglumata görä, ýurduň banklaryndan berlen bank kartlarynyň sany 2022-nji ýylyň 1-nji maýynda 4 million 865 müň 688-a ýetipdir, şeýle-de tutuş ýurt boýunça 2 müň 153 sany bankomat hasaba alnypdyr. Mundan başga-da, ýurt boýunça 41 müň 134 terminal ornaşdyrylypdyr.

Şol bir wagtda, Azatlygyň habarçylaryň soňky iki ýyl bäri bank kartlaryndaky pullary diňe banklaryň öňünde ornaşdyrylan bankomatlardan nagtlaşdyryp bolýandygyny, munuň hem ilata, esasan hem çetdäki etrapdyr obalardan dolandyryş merkezlerine gatnamaly bolýan raýatlara goşmaça kynçylyk döredýändigini aýdýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti ilatyň maliýe-ykdysady kynçylyklaryny, şol sanda ilatyň pul nagtlaşdyrmak bilen bagly kösençliklerini boýun almaýar. Döwlet mediasy ilatyň bolelin durmuşda ýaşaýandygyny öňe sürýär, ýöne raýatlaryň bankomat kösençliklerini agzamaýar.

Azatlygyň habarçylary mundan ozal hatda talanýan bankomatlar, adamlaryň bank kartlaryny aldaw ýoly bilen ele geçirýän toparlar, gije-gündiz bankomatlaryň öňünde nobata garaşýan adamlar we pul nagtlaşdyrmak meselesiniň töweregindäki beýleki maglumatlar barada habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG