Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Ukrainada gazaply söweş barýar, Ýaponiýanyň premýer-ministri Kiýewe gelýär


Russiýanyň gündogar Ukrainanyň Donetsk sebitinde edýän dyngysyz hüjümi soňky 24 sagadyň dowamynda güýçlendi diýip, harbylar 21-nji martda aýtdy, Ýaponiýanyň premýer-ministri Ukrainanyň Russiýa garşy goranyş urşuny goldaýandygyny görkezmek üçin Kiýewe sapar edýär.

Ukrain goragçylary, iki tarapa-da agyr ýitgi çekdirýän we bir aý bäri esasan Bahmut şäheriniň üstünde barýan hüjümleriň 120 sanysyny yzyna serpikdirdi diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştabynyň gündelik hasabatynda aýdylýar. Şeýle-de hasabatda ruslaryň Awdiýiwka, Liman, Marýinka we Şahtarsk ugurlarynda ilerlemäge synanyşýandygy bellendi.

Rus güýçleri aragatnaşyk liniýasynyň boýundaky 11 obada raýat we infrastruktura nyşanalaryny topa tutdular diýip, ukrain goşuny aýtdy.

Şeýle-de, ukrain güýçleriniň rus goşunlarynyň demirgazyk Harkow sebitinde ýerleşýän Kupýanskä eden hüjümlerini yzyna serpikdirendigi habar berilýär.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrligi 21-nji martda premýer-ministr Fumio Kişidanyň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen gepleşik geçirmek üçin Kiýewe barjakdygyny aýtdy, Ýaponiýanyň NHK teleýaýlymy Kişidanyň Polşanyň serhetýaka Przemysl şäherinde otla münendigini görkezdi.

Kişida, G7 ýurtlary toparynyň agzasy hökmünde, Russiýanyň bir ýyl gowrak alyp barýan urşy bilen baglylykda, Ukraina raýdaşlyk we goldaw bildirer diýip, ministrlik aýtdy.

Kişida "öz watanyny goramak üçin berk duran ukrain halkynyň edermenligine we tutanýerliligine öz hormat-sylagyny" görkezer diýip, Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.

Kişidanyň Zelenski bilen boljak duşuşygy Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň öz hytaýly kärdeşi Si Szinpini myhman alýan wagtyna gabat geldi.

Analitikleriň şäheriň o diýen uly strategiki ähmiýetiniň ýokdugyny aýtmaklaryna garamazdan, rus we ukrain güýçleri Bahmut ugrundaky söweşe uly ähmiýet berdiler.

Ukrainanyň goranmak ministriniň orunbasary Hanna Malýar 20-nji martda Bahmutyň goragçylarynyň ruslaryň şäheri almak üçin edýän we gitdigiçe güýçlendirýän hüjümlerine garşy durup bilşini nygtady.

"Duşman hüjümleriniň şeýle ýygjamlygy astynda şäheriň bir hepdeden uzak saklanyp biljekdigine hiç kim ynanmady" diýip, ol aýtdy. "Emma biziň müňlerçe esgerimiziň edermenligi we gahrymançylygy, şeýle-de generallarymyzyň we ofiserlerimiziň başarnykly ýolbaşçylygy sebäpli, Bahmut goragy saklanýar we onuň mümkinçilikleri entek soňlanmady" diýip, Malýar sözüniň üstüni ýetirdi.

Russiýanyň hakyna tutma “Wagner” toparynyň başlygy öz güýçleriniň Bahmutyň “takmynan 70%-ne” gözegçilik edýändigini we “şäheri doly azat etmek tagallalaryny dowam etdirýändigini” aýtdy.

Emma onuň aýdanlary garaşsyz ýagdaýda tassyklanyp bilinmedi.

Şu aralykda, ÝB-niň 20-nji martda Brýusselde duşuşan daşary we goranmak ministrleri Ukrainanyň zerur bolan ok-därilerini satyn almagy üçin, Bileleşigiň bilelikdäki ok-ýarag şertnamasynyň çäginde, Ukraina 2 milliard ýewrolyk (2,13 milliard dollar) artilleriýa toplaryny bermek ylalaşygyna gelen bolsa, ABŞ Ukraina täze beriljek harby kömegiň 350 million dollar boljakdygyny yglan etdi.

Forum

XS
SM
MD
LG