Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen futbolçylarynyň birnäçesi daşary ýurt toparlary bilen şertnama baglaşdy


Türkmen futbolçylary. Arhiw suraty
Türkmen futbolçylary. Arhiw suraty

Hökümetçi neşir türkmenistanly futbolçylaryň birnäçesiniň başga ýurtlaryň ýygyndy toparlaryna geçendigini habar berýär.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Mirza Beknazarow futbol ýoluny Estoniýanyň Premium ligasynda dowam etdirer, ol “Narwa Trans” futbol topary bilen bir ýyllyk şertnama baglaşdy diýip, “Türkmenportal” habar berýär.

22 ýaşly futbolçy, geçen möwsümiň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nusgalyk düzümine girizildi diýip, habarda bellenýär.

Şeýle-de, hüjümçi Myrat Ýagşyýewiň Aşgabadyň «Altyn asyryndan» Gyrgyzystanyň «Neftçi» futbol toparyna geçendigi habar berilýär. Ýagşyýewiň täze topary Jalal-Abat welaýatynyň Goçgarata şäherinde ýerleşýär. «Neftçi» 31 ýaşly hüjümçi bilen bir möwsümlik şertnama baglaşypdyr.

Mundan başga, “Türkmenportalyň” belarus toparynyň metbugat gullugyna salgylanyp ýazmagyna görä, türkmenistanly goragçy Wepa Jumaýew Gomeliň “Lokomotiw” toparyndan «Energetik-BGU» toparyna geçipdir.

22 ýaşly Wepa Jumaýewiň belarus futbol toparlarynda 2020-nji ýyldan bäri futbol oýnap gelýändigi aýdylýar.

“Türkmenportal” geçen ýyl Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Maýa Musatskaýanyň Türkiýäniň "Dudullu spor" klubyna geçendigini Türkmenistanyň Futbol federasiýasyna salgylanyp habar berdi.

Türkmenistanda milliardlarça dollarlyk sport desgalarynyň gurulýandygyna garamazdan, ýerli türgenler üçin döredilýän şertler gowy däl, şu sebäpden başaran başga ýurtlara gitjek bolýar diýip, synçylar aýdýar.

XS
SM
MD
LG