Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken Hytaýyň Moskwa berýän goldawynyň ABŞ bähbitlerine ters gelýändigini aýtdy


ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken. Arhiw suraty
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken. Arhiw suraty

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken ABŞ-nyň kanun çykaryjylaryna Hytaýyň Russiýa berýän diplomatik we syýasy goldawynyň Waşingtonyň bähbitlerine ters gelýändigini aýtdy.

Blinken 22-nji martda, Hytaýyň prezidenti Si Szinpiniň Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen "strategiki hyzmatdaşlyk" barada birnäçe ylalaşyga gol çekip, Moskwa eden üç günlük saparyny tamamlan güni Senatyň Daşary gatnaşyklar komitetiniň öňünde çykyş etdi.

"Meniň pikirimçe, olaryň Russiýa berýän diplomatik goldawy, syýasy goldawy we, belli bir derejede berýän maddy goldawy, biziň bu urşy soňlamak baradaky gyzyklanmamyza şeksiz ters gelýär" diýip, Blinken aýtdy.

Si Szinpiniň sapary Russiýa dört ýyldan soň eden ilkinji sapary boldy we Moskwanyň Ukraina çozmagy sebäpli düşen halkara izolýasiýasynyň barha çuňlaşýan wagtynda amala aşyryldy.

Putin Kremlde geçirilen gepleşikleri "üstünlikli we konstruktiw" gepleşikler hökmünde häsiýetlendirdi, Si iki awtoritar lideriň gol çeken şertnamalarynyň biriniň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy "täze döwre" getirýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG