Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Blinken Ukraina üçin dekabr aýynda tassyklanan kömegiň şu ýylyň köp bölegine ýetmelidigini aýdýar

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 
ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Antoni Blinken Kongres agzalaryny Ukraina üçin tassyklanan milliardlarça dollaryň 2023-nji ýyla çenli ýetjekdigine ynandyrdy.

Kongres dekabr aýynda Ukraina täze berilmeli gyssagly kömek üçin 45 milliard dollarlyk çykdajy kanunyny kabul etdi.

Blinken 23-nji martda Wekiller öýüniň goýumlary baradaky komitetiniň öňünde çykyş edende administrasiýanyň haçan has köp serişde sorajakdygyny anyklaşdyrmady, ýöne soňky maliýeleşdirmäniň "şu ýylyň köp bölegine ýetýändigini" aýtdy.

Diňlenişikde Döwlet departamentiniň 2024-nji maliýe ýyly üçin býujet zerurlyklaryna üns berildi we onuň şu maliýe ýyly bilen deňeşdirilende 11% ýokarlanandygy aýdylýar.

Respublikan kanun çykaryjylaryň käbiri býujet defisiti we ABŞ-nyň içerki programmalaryndaky tygşytlamalar barada aýdylýanlary nazara alyp, Kiýewe iberilen puluň mukdaryny sorag astyna aldy.

"Býujet biziň howpsuzlygymyzy, biziň Ukraina berýän ykdysady, energiýa we ynsanperwer goldawymyzy goldar, şeýlelikde prezident Putiniň urşunyň strategiki şowsuzlyk bolup galmagyny üpjün eder" diýip, Blinken komitetiň agzalaryna aýtdy.

XS
SM
MD
LG