Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda köpler tarapyndan 'nobatdaky spektakl' atlandyrylýan saýlawlaryň öňüsyrasynda 'ümsümlik gününiň' başlanandygy aýdylýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanda 26-njy martda geçiriljek nobatdaky parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda "ümsümlik gününiň" başlanandygyny, hökümetçi neşirler habar berýärler.

Ýekşenbe güni Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, ýerli halk maslahatlarynyň hem-de Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Tutuş ýurt boýunça Türkmenistanyň Mejlisine 125 deputat saýlanylar.

"25-nji martdan başlap ol ýa-da beýleki syýasy güýji goldamak üçin wagyz işlerini alyp barmak gadagan edilýär. Ýöne wagyz häsiýetli çap edilen materiallar, şol sanda saýlaw komissiýalarynyň daşynda ozal ýerleşdirlen listowkalar, plakatlar ses berme güni ozalky ýerlerinde saklanyp galýar" diýip, hökümete tarapdar "Orient" neşiri ýazýar.

26-njy martda 7:00-dan 19:00-a çenli ähli saýlaw uçastoklarynda, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilen uçastoklarda ses berler.

Saýlawlara ýurt boýunça jemi 14 müň 872 dalaşgär hödürlenildi hem-de bellige alyndy. Olaryň 258-si Mejlisiň deputatlygyna, 515-si welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalygyna, 2001-si etrap hem-de şäher halk maslahatlarynyň agzalygyna, 12 müň 98-si Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlerdir.

TDH-nyň maglumatyna görä, ses bermek üçin 2644 saýlaw uçastogy döredildi. Ses bermäge hukugy bolan jemi 3,5 million saýlawçy bellige alyndy.

Türkmen saýlawlaryna gözegçilik etmek üçin şu wagta çenli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy (GDA) guramasynyň synçy missiýasy hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň saýlawlar boýunça baha beriş topary Aşgabada geldi.

Türkmenistanyň Merkezi saýlaw topary nobatdaky “saýlawlar raýatlaryň syýasy işjeňliginiň derejesini ýene bir gezek dünýä aýan etjek syýasy waka öwrüler” diýýär.

Ýöne deputatlyga dalaşgärleriň ýurduň dürli künjeklerinde saýlawçylar bilen duşuşyklaryna gatnaşdyrylan býujet işgärleri saýlawlary “nobatdaky spektakl” atlandyryp, saýlawçylaryň syýasy işjeňliginiň pesdigini aýtdylar.

Galyberse-de, Azatlygyň söhbetdeşleri deputatlyga dalaşgärleriň saýlanyp seçilmeginde we olaryň deputatlyga hödürlenilmeginde korrupsiýanyň, para-peşgeşiň rol oýnaýandygyny aýtdylar.

“Kim köp para, pul beren bolsa, şolar deputat orunlaryny satyn alýarlar. Deputatlyk gazanylmaýar, satyn alynýar” diýip, birnäçe raýat Azatlygyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanda şu wagta çenli geçirilen saýlawlaryň hiç haýsy abraýly halkara saýlaw synçylary tarapyndan “azat we adalatly” hökmünde ykrar edilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG