Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Insider” neşiri Ukrainadan çykarylan çagalary kimiň urandygyny anyklady


"The Insider" neşiriniň maglumatyna görä, Ukrainadan alnyp gidilen çagalara garşy zorluk ulanan erkekleriň biriniň, Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite güýçleriniň, "Berkut" toparynyň öňki agzasy, 2014-nji ýylda rus tarapyna geçen Waleriý Astahow bolandygy anyklandy.

Çagalar ony özlerine görkezilen suratlaryndan tanadylar.

Metbugat habarlaryna görä, Astahow 2013-nji ýylyň aýagynda Kiýewde bolup geçen Maýdan wakalaryna gatnaşyp, “Berkut” toparynyň hatarynda Ukrainanyň şol wagtky prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetlerine we Ýewropa integrasiýasy ugrunyň ýatyrylmagyna garşy guralan protesti basyp ýatyrmak çärelerine gatnaşypdyr.

Ol Krym anneksiýa edilenden soň rus raýatlygyny aldy we Russiýanyň IIM-niň Ýewpatoriýada ýerleşýän bölümine işe girdi.

“Insider” Astahowyň hakykatda çagalaryň 2014-nji ýylda gurnalan ogurlygyna hem gatnaşandygyny belleýär: Ol çagalary Ukrainanyň Donetsk sebitiniň Slawýansk şäherinden Russiýanyň Rostow sebitine alyp gitdi, şonda 2 aýlykdan 12 ýaş aralygyndaky 21 çaga alnyp gidildi.

Astahow şonda hiç bir delil getirmezden ukrain goşunynyň özleriniň münen awtobusyny oka tutmakçy bolandygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG