Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Balkanda palçylar we tebipler 'ýurduň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirmekde' aýyplanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Balkan welaýatynyň käbir şäherlerinde häkimiýetler palçylara we tebiplere garşy reýdleri geçirip, olardan aýdyňlaşdyrylmaýan ygtyýarnama talap edip başladylar. Bu waka, ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady we durmuş kynçylyklarynyň fonunda, ilat arasynda bu adamlardan haraý gözleýänleriň köpelýän mahalyna gabat gelýär.

"Şu günler Magtymguly we Türkmenbaşy şäherlerinde kanun goraýjy edaralaryň, şol sanda Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri palçy we tebip adamlaryň öýlerine reýdleri gurnap, olar bilen söhbetdeşlikleri geçirýärler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 30-njy martda aýtdy.

Kanun goraýjy edaralaryň işgärleri palçylardan we tebiplerden ýörite döwlet synaglaryndan geçmegi we ygtyýarnama alyp işlemegi hem talap edýärler.

"Emma Türkmenistanda bu hyzmatlary hödürleýän adamlara ygtyýarnama berýän edara ýok" diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistan tebipleriň we palçylaryň hyzmatlaryny kanun taýdan gadagan etmeýär. Ýöne 2016-njy ýylda güýje giren “Mahabat hakyndaky” kanun ýurtda tebipleriň, ekstrasensleriň, palçylaryň, astrologlaryň we şuňa meňzeş tebigy bolmadyk ukyplara eýe bolandyklaryny öňe sürýän adamlaryň hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagyny gadagan edýär.

Balkanyň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri sebitdäki palçylary we tebipleri "ilat arasynda erbet doga etmekde" we "ýurduň ykdysadyýetine ýaramaz täsir ýetirmekde" hem aýyplaýarlar.

Habarçy olaryň ikinji aýyplamasyna anyk bir esas bolmasa-da, birinji aýyplamasynyň belli bir derejede sebäpleriniň bardygyny belleýär.

"Ýiti ykdysady we durmuş kynçylyklarynyň, giň ýaýran işsizligiň arasynda palçylarda we tebiplerden kömek soraýan adamlar barha köpelýär. Olaryň arasynda birek-birege göriplik ýaly erbet häsiýetli, bet niýetli adamlar hem bar. Olar adamlara erbet täsir ýetirmek üçin tebipleriň we palçylaryň hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Sebitde adamlara erbet doga bermekde, maşgalany pozup ýa-da goşup bilýän dogaçy hökmünde uly abraýdan peýdalanýan tebipler we palçylar bar. Käbir gyzlar pulluja erkeklere doga içirmek üçin bu tebiplere 5-10 müň manat aralygynda pul berýärler" diýip, habarçy köp tebibiň we palçynyň aýlyk girdejisiniň on müňlerçe manada ýetýändigini aýtdy.

Olaryň arasynda durmuşa çykyp bilmeýän gyzlara, öýlenip bilmeýän oglanlara, işi ýöremeýän telekeçilere "bagtynyň açylmagy, işleriniň oňuna bolmagy" üçin diňe "gowy doga-tumarlary" taýýarlap berýän tebipler we palçylar hem bar.

"Olar käte gonamçylyklaryň topragyndan alnan gumy hem okap berýärler" diýip, habarçy reýdler sebäpli şu günler tebipleriň, palçylaryň öz işini çäklendirendigini aýtdy.

Azatlykda bu palçylaryň we tebipleriň şahsyýeti we ýaşaýan ýeri barada anyk maglumatlar bolsa-da, howpsuzlyk aladalary sebäpli olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.

Şeýle-de, redaksiýa ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada sebitiň kanun goraýjy edaralaryndan, MHM-den kommentariýa alyp bilmedi.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda, soňky ýyllarda ilat arasynda palçylardan we tebiplerden haraý gözleýänleriň köpelýändigi barada maglumatlar gelip gowuşýar. Ýerli synçylaryň ençemesi bu ýagdaýy krizis döwründe köp adamyň tebigy däl güýçlere meýil etmegi, şolardan haraý we many gözlemegi bilen düşündirýär.

Geçen ýylyň maýynda Azatlygyň habarçylary sebitlerdäki döwlet edaralarynda işleýän adamlaryň arasynda wagtal-wagtal paýtagt Aşgabatdan iberilen barlaglardan halas bolmak üçin hem, mollalara, palçylara çokunýan, olara töleg töläp, doga alýan adamlaryň bardygyny habar beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG