Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa kazyýeti urşy ýazgaran pensioneri ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm etdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Geçen ýyl Russiýanyň Ukraina garşy esassyz çozmagyny ýazgaryp ýazan iki sany onlaýn ýazgysy üçin, Moskwa kazyýeti 63 ýaşly bir adamy 7 ýyl azatlykdan mahrum etdi.

Timirýazew etrap kazyýetiniň Mihail Simonowy uzak möhletli türmä basmak baradaky hökümi 30-njy martda, ol "rus ýaragly güýçlerini abraýdan düşürmekde" günäkär tapylanyndan soň yglan edildi.

Rus häkimiýetleri bu aýyplamany geçen ýylyň fewral aýyndan bäri, Moskwanyň Ukrainada başlan esassyz urşuny ol ýa-da beýleki görnüşde tankytlamaga het eden adamlara garşy ulanýar.

XS
SM
MD
LG