Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Donald Tramp jenaýatda aýyplandy; öňki prezidentiň basym tabyn bolmagyna garaşylýar


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Donald Trump 30-njy martda Manhattanyň uly eminligi tarapyndan jenaýatda aýyplanyp, ABŞ-nyň jogapkärçilige çekilen ilkinji öňki prezidenti boldy.

Gizlinlik möhri astynda saklanansoň, aýyplamalaryň jikme-jiklikleri aýdyň däl.

Ýöne olar 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlary kampaniýasy wagtynda nikadan daşary jynsy gatnaşyklar barada edilen şikaýatlary ýuwaşatmsak üçin tölenen bikanun töleglerden gelip çykýar.

Manhattan etrap prokuraturasynyň metbugat wekili aýyplamanyň bildirilendigini tassyklady we prokurorlaryň geljek hepde bolup biljek tabynlygy utgaşdyrmak üçin Trampyň gorag toparyna ýüz tutandygyny aýtdy.

Özüniň ýalňyş iş edendigini inkär eden we derňewe ençeme gezek hüjüm eden Tramp bu aýyplamany “syýasy yzarlama” diýip atlandyrdy.

XS
SM
MD
LG