Eýran häkimiýetleriniň baş örtüsini düzüw geýmezlikde aýyplanyp saklanan gyzyň tussaglykda ölmeginden soň guralan köpçülikleýin protestler sebäpli düzgünleri berkitmegi dowam etdirmeginiň arasynda, Bilim ministrligi beýanat çap edip, ýurduň hökmany geýim-eşik düzgünlerini berjaý etmeýän, şol sanda başlaryny örtmeýän okuwçylara mundan beýläk mekdeplerde we uniwersitetlerde bilim hyzmatlarynyň berilmejekdigini aýtdy.
3-nji aprelde, pars Täze ýylyndan soň okuwlaryň gaýtadan başlanmagy bilen, ministrlik hökmany hijab düzgünini berjaý etmedik aýal-gyzlaryň klasa goýberilmejekdigini aýtdy.
Eýranyň Hijab we Päklik kanuny aýal-gyzlaryň 9 ýaşdan başlap köpçülikde başlaryny örtmegini talap edýär. Ýurtdaky raýat boýun egmezlik hereketleriniň güýçlenmegi netijesinde, başlaryny örtmän köpçülige çykýan aýal-gyzlaryň köpelmegi häkimiýetleri barha kän ynjalykdan gaçyrýana meňzeýär.
Resmiler soňky hepdelerde aýal-gyzlara hijap kanunyna hormat goýmalydygyny duýduryp, düzgün bozýanlaryň jezalandyryljakdygyny aýtdylar.
Şeýle-de, eýeleriniň ýa-da ýolbaşçylarynyň yslam kanunlaryny we hijap düzgünlerini berjaý etmezligi sebäpli, häkimiýetler kärhanalary, restoranlary, kafeleri we käbir ýagdaýlarda dermanhanalary hem ýapdylar.