Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stoltenberg: NATO Ukrainadaky “surnukdyryjy uruş” üçin ýarag önümçiligini “güýçlendirýär”

Belgiýa. Zorýana Stepanenko interview with NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg bilen söhbet edýär.
Belgiýa. Zorýana Stepanenko interview with NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg bilen söhbet edýär.

NATO döwletleri Günbatar bileleşiginiň Russiýanyň giň gerimli çozuşyna garşy durýan Ukrainany goldamagyny dowam etdirmegi hem-de ýarag bilen üpjün edip bilmegi üçin harby üpjünçilik önümçiligini “güýçlendirýär” diýip, Bileleşigiň baş sekretary Jens Stoltenberg Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

"NATO-nyň öňünde durýan esasy kynçylyk indi bu urşuň surnukdyryjy söweşe öwrülmegidir, bu logistika söweşiniň ok-därileri, ýaraglary, üpjünçiligi öň hatarlara ýetirmekden ybaratdygyny aňladýar” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Stolenberg 4-nji aprelde, harby bileleşigiň agzalarynyň daşary işler ministrleriniň ýygnagynyň öňüsyrasynda NATO-nyň Brýusseldäki merkezinde eden çykyşynda Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýynda sebäpsiz başlan giň gerimli urşunda Kiýew goragçylaryna ýarag üpjünçiliginde kömek etmäge çalşan NATO ýurtlarynyň indi “öz ätiýaçlyklarynyň” hem azalýandygyny aýtdy.

"Şeýlelikde, indi önümçiligi giňeltmek üçin has köp işleýäris, şu hili edilende biz Ukraina berýän goldawymyzy dowam etdirmegi kepillendirip bileris, sebäbi muny dowam etdirmek aňrybaş ederejede möhüm bolup durýar” diýip, ol aýtdy.

Ol “eger-de Russiýanyň prezidenti [Wladimir] Putin ýeňiş gazansa, munuň Ukraina üçin betbagtçylyk boljakdygyny, emma NATO ýaranlary üçin hem howply boljakdygyny" aýtdy.

"Biz Ukrainany goldamaly, sebäbi prezident Putiniň Ukrainada ýeňiş gazanyp bilmejekdigini görkezmek biziň howpsuzlyk bähbidimiz bolup durýar" diýip, Stoltenberg bu sözleri özüniň ýaranlygyň agzalaryna ýüzlenme hökmünde aýdýandygyny nygtady.

Edil häzirki günlerde söweş meýdanynda bolup geçýän wakalar barada gürrüň edip, NATO-nyň başlygy “bütin dünýäniň” ukrain güýçleriniň “taýýarlygynyň hiline, edermenligine, tutanýerliligine” haýran galandygyny aýtdy.

“Görşümiz ýaly, rus goşunlary – ruhy, ahlak taýdan pesde, olaryň enjamlary köplenç erbet ýagdaýda, okuw-tälimleri o diýen öwerlik däl” diýip, ol sözüni dowam etdirdi.

“Operasiýalaryň köpüsinde liderlik hakykatda derekli işlemeýär ... Ýöne olar rus goşunlarynyň hil taýdan asgynlygynyň üstüni mukdaryň köplügi bilen örtmäge synanyşýarlar. Şeýdip, olar müňlerçe we müňlerçe esgeri öňe sürýärler, olaryň köpüsi gowy enjamlaşdyrylmadyk, gowy tälim berilmedik adamlar. Ýöne, elbetde, olar ukrain tarapyna-da ýitgi çekdirmäge ukyply".

Urşuň uzaga çekmegi bilen, "biziň jogapkärçiligimiz" konfliktiň uzak wagtlap saklanjak petige gelip diremezligini üpjün etmekden ybarat diýip, Stoltenberg aýtdy.

"Elbetde, biziň görmek isleýän zadymyz Ukrainanyň has köp ýerini azat edip, prezident Putiniň esgerlerini yza çekilmäge mejbur etmegi, netijede bu haýsydyr bir görnüşdäki gepleşikleriň geçirilmegi üçin şert döredip biler" diýip, ol aýtdy.

Ol "gepleşikler üçin kabul ederlik şertleri Ukrainanyň özüniň kesgitlemelidigini” nygtady.

“Ýöne biz gepleşik stolunyň başynda bolup geçýän zatlaryň söweş meýdanyndaky güýç-kuwwat bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny bilýäris. Şeýlelikde, erteki gün Ukrainanyň garaşsyz, özygtyýarly döwlet hökmünde dabaralanjak gepleşikler çözgüdini isleýän bolsak, biziň şu gün harby goldaw bermegimiz zerur" diýip, Stoltenberg aýtdy.

Urşuň uzaga çekmegi bilen Günbataryň Kiýewi goldamagyny dowam etdirjekdigine özüniň ynanyp-ynanmaýandygy barada berlen sowala NATO başlygy "Biz Ukrainany näçe wagt gerek bolsa, şonça wagt hem goldamaga taýýar" diýip jogap berdi.

“Biz Ukrainanyň özüni goramak we öz territoriýasyny goramak hukugyny goldaýarys. Bu BMG-niň düzgünnamasynda göz öňünde tutulan hukuk bolup durýar. Bu ýerde biziň häzir görýänlerimiziň Ukraina garşy agressiýa urşudygyna hiç hili şek ýok, biz Ukrainanyň özüni goramak hukugyny goldaýarys we biz muny ýene näçe wagt gerek bolsa, şonça wagt hem ederis" diýip, NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Şu aralykda, Russiýanyň öten agşam Odesanyň günorta-günbatar sebitine Eýranda öndürilen pilotsyz uçarlar bilen hüjüm edip, raýat infrastrukturasyna zeper ýetirendigi mälim boldy.

Ukrain harbylarynyň 4-nji aprelde aýtmaklaryna görä, ruslaryň şäheri ele geçirendigini aýtmagyna garamazdan, Donbas sebitindäki Bahmut şäheriniň üstünde barýan gazaply söweşler dowam etdirilýär.

Odesa sebitine “Şahid” pilotsyz uçarlarynyň jemi 17 sanysy uçuryldy, "olaryň 14-si günorta serkerdeliginiň howa gorag güýçleri tarapyndan urlup gaçyryldy” diýip, Ukrainanyň howa güýçleriniň irden çap eden hasabatynda aýdylýar.

Sosial ulgamlarda çap edilen habarlarda Odesada güýçli partlamalaryň sesiniň eşidilendigi aýdylýar.

"Pilotsyz uçar Odesa sebitindäki bir raýat desgasyna hüjüm edip, ýangyna sebäp boldy, halas edijiler bu ýangyny irden öçürip ýetişdiler. Ol ýerde ejir çeken bolmady” diýip, sebitiň harby administrasiýasynyň metbugat wekili Serhiý Bratçuk aýtdy.

Ukrainanyň raýat we energiýa infrastrukturasyna oktýabr aýyndan bäri eden tapgyrlaýyn we dyngysyz hüjümlerine, elektrik üpjünçiligi liniýalaryna ýetiren ägirt uly zyýanyna we millionlarça ukrainalyny sowuk howada çyrasyz we ýylylyksyz goýandgyna, köp sanly adam pidalaryna garamazdan, Russiýa bu ýurtdaky raýat nyşanalaryna zarba urandygyny ret edip gelýär.

Rus goşunlary gündogarda Donbas sebitini basyp almak ugrundaky söweşiň merkezine öwrülen magdan şäherini, Bahmuty ele geçirmek tagallalaryny dowam etdirip, gaýta-gaýta hüjüm etdiler.

Emma olar Bahmutda ukrainleriň berk garşylygyna uçar boldular we, hüjüm edýän ugurlaryny giňeldip, Donetsk sebitindäki Liman, Awdiýwka we Marýinka ýaly şäherlere hem goşun sürdüler.

Ukrain goragçylary geçen bir günüň dowamynda Russiýanyň 69 hüjümini yzyna serpikdirdiler, "Bahmutda, Awdiýwkada we Marýinkada iň gazaply söweşler dowam edýär" diýip, Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň baş ştaby 4-nji aprelde çap eden gündelik hasabatynda aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG