Gürjüstanda oppozisiýany goldaýan adamlaryň müňlerçesi 9-njy aprelde Tbiliside ýygnanyp, Ukrainanyň we Gürjüstanyň Ýewropa Bileleşigine girmek islegine goldaw bildirdi.
Demonstrantlar öňki president, häzir türmede oturan Mihail Sakaşwili tarapyndan döredilen Birleşen milli hereket (BMH) tarapyndan gurnalan çärä gatnaşmak üçin Gürjüstanyň parlament binasynyň daş işigine toplandylar.
“Ýewropada bilelikde” diýen şygar astynda geçirilen ýygnanyşykda protestçiler gürji, ukrain we ÝB baýdaklaryny galdyrdylar we "Ýewropanyň geljegi üçin" diýen ýazgyly ullakan baýdagy göterdiler.
Köpçülik 2004-2013-nji ýyllar aralygynda prezident bolup işlän döwründe häkimiýetden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanan we alty ýyl tussaglyga höküm edilen Sakaşwilä goldaw bildirdiler.
Sakaşwili we halkara hukuk toparlary bu hökümi syýasy äheňli diýip hasaplaýar.
BMH-niň başlygy Lewan Habeişwili ýygnanyşykda çykyş edip, demonstrantlaryň talaplarynyň arasynda "syýasy tussaglary azat etmek we reformalary amala aşyrmak" talaplarynyň hem bardygyny aýtdy.
ÝB bu talaby Tbilisä resmi kandidat statusynyň berilmeginiň şerti edip goýdy.