Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Syzdyrylan maglumatlar: "Wagner" Türkiýeden ýarag almaga synandy

Bezeg suraty
Bezeg suraty

Pentagonyň we Merkezi aňtaw gullugynyň Ukrainanyň we Russiýanyň goranyş ukybyna degişli gizlin maglumatlarynyň syzmagy bilen baglylykda, žurnalistler täze jikme-jiklikleri anykladylar.

Şeýle-de, syzdyrylan dokumentler amerikan ýörite gulluklarynyň bu iki ýurda edýän gözegçiliginiň gerimini görkezýär.

Syzdyrylan maglumatlar Amerikanyň “The New York Times” we “Washington Post” gazetleri tarapyndan derňelýär.

Syzdyrylan maglumatlardan “Wagner” kompaniýasynyň wekilleriniň fewral aýynyň başynda Türkiýe bilen Ukrainadaky we Malidäki harby operasiýalary üçin ýarag satyn almak barada gepleşik geçirendigi belli bolýar.

Taraplaryň ylalaşyga gelendigi ýa-da däldigi belli däl. Emma muňa garamazdan, NATO agzasy bolup durýan Türkiýe, ýaranlygyň arkasyndan Russiýanyň ýaragly toparyna ýarag ibermek barada gepleşik geçirse, bu onuň at-abraýyna urlan ullakan zarba bolup biler diýip, “Waşington Post” belleýär.

Şeýle-de, dokumentlerde Hytaýyň Ukrainadaky uruş bilen baglanyşykly pozisiýasy ara alnyp maslahatlaşylýar. Merkezi aňtaw gullugynyň hasabatynda Pekiniň NATO-ny hüjümçi, agressor hökmünde ykrar etmek we Russiýa berýän goldawyny artdyrmak üçin ukrainleriň Russiýanyň çägindäki ýykgynçylygyny esas edinip biljekdigi öňe sürülýär.

Häzire çenli ABŞ-da we ÝB ýurtlarynda Hytaýyň Kremli öldüriji ýaraglar bilen üpjün edýändigi barada maglumat ýok, emma Ukraina NATO ýaraglaryny ulanyp, Russiýanyň has törüne, içine aralaşsa, Pekin şeýle ýaraglary ibermäge başlap biler diýip, hasabatda bellenýär.

XS
SM
MD
LG