"Ruslaryň özleri gaçyp gidýärler, siz bolsa raýatlyk üçin gidýärsiňiz"
Türkmenistanly Abu Ýunus Russiýanyň giň gerimli çozuşynyň ilkinji günlerinden bäri Ukrainany goraýar. Ol Şeýh Mansur adyndaky meýletin batalýonynyň düzüminde, soňky aýlarda söweşiň iň gyzgyn nokadyna öwrülen, Bahmut ugrundaky söweşlere gatnaşýar. Abu Ýunus, wagnerçileriň, şol sanda merkezi aziýalylaryň, söweşiň ilkinji hatarlarynda "top iýmleri ýaly" ulanylýandygyny aýdýar. "Men metjitde düşürilen wideo gördüm... Olar [söweşe gatnaşmagyň öwezine] raýatlyk bermäge çagyrýarlar. Russiýa Federasiýasynyň raýatlygyny almak üçin bu ýere söweşmäge gelmek isleýänlere men şuny aýdaýyn: eger siz diňe atyp, soňra-da giderin öýdýän bolsaňyz, onda bolgusyz pikir edýärsiňiz. Ýok. Bu ýerde topar-topar görnüşinde ölýärler. Ruslaryň özleri gaçyp gidýärler, siz bolsa raýatlyk üçin gidýärsiňiz. Muny goýuň. Iň gowusy, yurduňyza, watanyňyza berk ýapyşyň" diýip, Abu aýdýar. Wideo "Migrant Media"
Epizodlar
-
Iýul 29, 2026Türkiýede ýiten iki aktiwist nirede?
-
Iýul 10, 2026Nebit-gaza baý Türkmenistanda dizel gytaldy
-
Iýul 09, 2026'Gepländigi üçin köýdürilen ömürler'
-
Iýun 24, 2026Emeli aň we döwlet gözegçiligi