Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýew sanksiýa tagallalaryna ünsi gönükdirýär, Donetskde ‘gazaply’ söweşler dowam edýär

Halas ediji işgär Harkowyň daşyndaky Kotlýary obasynda rus raketasynyň düşen ýerini synlaýar. 22-nji aprel, 2023 ý.
Halas ediji işgär Harkowyň daşyndaky Kotlýary obasynda rus raketasynyň düşen ýerini synlaýar. 22-nji aprel, 2023 ý.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 14 aý bäri dowam edýän çozuşyň ir soňuna çykmak üçin, Russiýa garşy sanksiýalary güýçlendirmegiň zerurdygyny aýtdy. Bu aralykda, gündogar Ukrainada dartgynly söweşler dowam edýän mahaly, Kiýew has köp ok-däri sorady.

Ukrainanyň goşuny 23-nji aprelde Donetsk sebitindäki Bahmut we Marinka şäherleriniň üstünde häzirki wagtda “iň gazaply” söweşleriň barýandygyny aýtdy. Harkowyň ýerli resmileri öten gije azyndan bäş sany rus raketasy şähere we sebite zarba urandan soňra, şäherdäki raýat desgalarynyň ýanandygyny aýtdy.

Bu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi öz güýçleriniň Bahmutda üç blogy ele geçirip, öňe gidişlik gazanandygyny aýtdy. Birnäçe aý bäri dowam edýän rus çozuşlarynda weýran bolan bu şäherde uruşdan öň 70 müňden gowrak ilat ýaşaýardy.

Zelenski 23-nji apreldäki wideo çykyşynda Russiýany jezalandyrmak üçin söwda we beýleki sanksiýalaryň utgaşdyrylmagy “Russiýanyň sanksiýalardan sowlup geçmek mümkinçiliklerini aradan aýyrmakda biziň ählimiz üçin, urşuň tiz wagtda soňuna çykylmagyny isleýän, bize tiz wagtda ýeňiş isleýän hemmeler üçin, bilelikdäki möhüm wezipeleriň biri bolup durýar” diýdi.

Ýewropa Bileleşigi häzirki wagtda 2022-nji ýylyň 24-nji fewralynda giň gerimli çozuş başlanaly bäri Russiýa garşy girizen ykdysady we diplomatik sanskiýalarynyň 11-nji toplumynyň üstünde işleýär.

XS
SM
MD
LG