Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan suwdan netijeli peýdalanmagyň 'ylmy maslahatyny' geçirdi


Bezeg suraty
Bezeg suraty

Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Howanyň üýtgemeginiň çygrynda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy” atly ylmy maslahat geçirildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Emma habarda döwletiň pagta planlary, mejbury zähmet we onlarça ýyllap bisarpa ulanylan suwuň döreden ýer zaýaçylygy barada hiç zat aýdylmaýar.

22-nji aprelde geçirilen maslahata DIM-niň we degişli edaralaryň wekilleri, diplomatlar, halkara guramalaryň wekilleri, mugallymlar we studentler gatnaşdy.

Çykyş edenleriň bellemegine görä, suw serişdeleri Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolup, serhetara suw hyzmatdaşlygy sebitiň parahat, durnukly we abadan ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar.

Şeýle-de, suw bilen bagly meseleleriň howanyň üýtgemegi bilen has möhüm meselä öwrülendigi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselesiniň görnetin öňe çykandygy aýdylýar.

Şeýlelikde, mejlisde maglumat, bilim, pikir alyşmagyň, tehnologiýalar babatynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň zerur bolup durýandygy nygtaldy.

Şu aralykda, Özbegistanyň Suw hojalygy ministrliginiň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Daşkent şäherinde Türkmen-özbek hökümetara toparynyň suw hojalygy meselelerine bagyşlanan üçünji mejlisi geçirildi.

Mejlisde iki döwletiň serhetüsti suw gorlaryndan netijeli peýdalanmagy, Amyderýanyň suwuny bilelikde dolandyrmak ulgamyny awtomatlaşdyrmak, derýanyň kenarlaryny berkitmek ýaly birnäçe meselä seredildi.

Hünärmenler Türkmenistanda sowet döwründen bäri suwuň bisarpa tutulýandygyny, ýerleriň şol bir ekinleri ekmekden arrykladylandygyny we şorladylangyny aýdyp gelýärler.

Emma bu agyr ýagdaýyň emele gelmegine alyp gelen sebäpler, çigşen meseleleri çözmegiň ýollary barada türkmen metbugatynda çykyş etmek, açyk pikir alyşmak mümkinçiligi döredilmeýär.

XS
SM
MD
LG