Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde durmuş we ýaşaýyş maksatly binalara akdyrylýan agyz suw üpjünçiligi kesildi. Bu ýagdaý, esasanam köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylaryna ýaramaz täsir edip, olaryň gündelik suw üpjünçiliginde dürli kynçylyklary döretdi.
"25-nji aprelde kesilen agyz suw üpjünçiligi 26-njy aprelde günortana çenli hem dikeldilmedi. Häkimiýetler diňe 25-nji aprelde agşam sagat 6:00-6:30 aralygynda 30 minut suw akdyrdylar. Bu ätiýaçdaky suw gorundan goýberildi" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 26-njy aprelde aýtdy.
Şäheriň suw edarasynyň we Öý dolandyryş müdirliginiň resmileri suw üpjünçiliginiň kesilmegi barada anyk maglumat bermeýärler. Ýöne ýerli suw hünärmenleriniň birnäçesi munuň sebäplerini tutuş şäheri suw bilen üpjün edýän turbalaryň ýarylmagy bilen düşündirýär.
"Bereket etrabyndan gelýän, Balkanabatdan Türkmenbaşa tarapda 36-njy kilometrdäki uly suw turbalary ýaryldy. Netijede, Türkmenbaşynyň 'Janga' ýaşaýyş toplumyndaky agyz suw zawoduna gelýän suw kesildi" diýip, suw hünärmeni anonimlik şertinde aýtdy.
Habarçy geçen ýyllarda şäherde suw üpjünçiligi kesilende, Jemagat hojalygy müdirliginiň we suw edaranyň işgärleriniň uly suw daşaýjy ulaglarda suw getirip, ilata paýlandygyny aýdýar.
Ýöne bu gezek şeýle çäreler göze ilmeýär. Bu ýagdaý, ilatyň, hususan-da köp gatly jaýlaryň ýaşaýjylarynyň gündelik durmuşynda dürli bökdençlikleri döredýär.
"Ýaşaýjylar düýn giçlik, ýarym sagadyň dowamynda çeleklere dolduran suwlary bilen oňňut etmäge çalyşýarlar. Käbir hojalyklar 100 litrlik çelekleri suwdan dolduryp aldylar. Olar bu suwy içmek, ýuwunmak we hajathana zerurlyklary üçin tygşytlap ulanmaga çalyşýarlar" diýip, habarçy belledi.
Şäherde 5 litrlik gaplanan agyz suwlary 12-15 manat aralygynda bahalanýar. Habarçynyň sözlerine görä, köp raýat içmek üçin bu suwdan peýdalansa-da, olaryň muny hajathana we ýuwunmak zerurlyklaryna ulanmak üçin maddy mümkinçiligi ýok.
Azatlyk şäherde suw üpjünçiliginiň kesilmegi we onuň sebäpleri barada "Türkmenbaşyagyzsuw" müdirliginden kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 26-njy aprelde ikindine çenli yzygiderli eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.
Habarçymyz şäherde, dürli sebäpler bilen, şu ýylyň başyndan bäri azyndan 20 gezek suw üpjünçiliginiň kesilendigini, ýöne ýerli häkimiýetleriň meseläni çözmän gelýändigini hem belledi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň dürli künjeginde suw öndürmäge we arassalamaga niýetlenen kärhanalaryň hem-de suw basyş desgalarynyň ençemesi guruldy. Munuň bilen bir wagtda, şäher ýerlerinde turbalary täzelemek ýa abatlamak boýunça ýygy-ýygydan gazuw işleri hem geçirilýär.
Muňa garamazdan, Türkmenistanda suw üpjünçiligi meselesi onlarça ýyl bäri çözülmän galýar. Paýtagtda we welaýatlarda ýaşaýyş hem-de durmuş maksatly binalaryň suw üpjünçiligi ençeme sagatlap, käte birnäçe günläp kesilýär. Habarçylarymyzyň we ýerli hünärmenleriň sözlerine görä, ilat köpçüliginiň ýaşaýan ýerleriniň aglaba bölegi köne kärhanalaryň hasabyna köplenç könelişen we sandan çykýan enjamlar, turbalar bilen üpjün edilýär.
Türkmenistanda suw üpjünçiligi bilen baglanyşykly bökdençlikler diňe ilatyň agyz suw üpjünçiligi meselesinde däl, eýse oba hojalygynda hem ýyllarboýy saklanyp galýar.
Bu aralykda, bilermenler goňşy Owganystanda Amyderýadan çekilýän iri kanalyň işe girizilmeginiň öňümizdäki ýyllarda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ilkinji nobatda Türkmenistanyň we Özbegistanyň suw üpjünçiligine howp saljakdygyny duýdurýarlar.
Suw serişdelerini bisarpa ulanmakda tankyt edilýän Türkmenistanyň häkimiýetleri 22-nji aprelde Aşgabatda suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna bagyşlanyp geçirilen maslahatda "suw meseleleriniň halkara hyzmatdaşlygyny talap edýändigini" nygtadylar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum