Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stoltenberg berlen kömegiň Ukrainanyň basylyp alnan ýerlerini yzyna almak mümkinçiligini gowulaşdyrandygyny aýdýar

Bahmut goragçysy
Bahmut goragçysy

Russiýa öten agşam Ukrainanyň günortasyndaky Mykolaýiw şäherine ýerüsti-asman raketalary bilen hüjüm edip, azyndan bir parahat ýaşaýjynyň ölmegine we ýene birnäçe ýaşaýjynyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, prezident Wolodymyr Zelenski hem-de sebit resmileri aýtdy. Goşunyň 27-nji aprelde aýtmagyna görä, ukrain goragçylary gündogarda rus hüjüminiň merkezine öwrülen Bahmut şäherini gorap saklamak ugrundaky söweşlerini dowam etdirýärler. Şu aralykda NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg ýaranlaryň we hyzmatdaşlaryň beren harby kömegi Ukrainanyň Russiýanyň basyp alan ýerlerini azat etmek mümkinçiliklerini ep-esli gowulaşdyrdy diýdi.

Rus goşunlary Mikolaýiwi dört sany S-300 raketasy bilen nyşana aldy diýip, sebit harby dolandyryş gullugynyň başlygy Witaliý Kim telegramda şäherde azyndan bir köp gatly binanyň we iki sany hususy ýaşaýyş jaýynyň urlandygyny aýtdy.

"Ýokary takyklykdaky ýaraglar hususy jaýlary, taryhy binany we beýik, köp gatly binalary nyşana almaga gönükdirildi" diýip, Zelenski telegramda ýazdy. "Häzirlikçe biz bir adamyň ölendigini, 23 adamyň, şol sanda bir çaganyň ýaraly bolandygyny bilýäris" diýip, prezident aýtdy.

Kim biraz öň ýaralananlaryň sanynyň 15-e ýetendigini aýdypdy.

Mykolaýiwiň häkimi Oleksandr Syenkewiç şäheriň bir böleginiň urlan zarbadan soň toksuz galandygyny aýtdy.

Mykolaýiw sebiti we onuň paýtagty soňky aýlarda rus toplary tarapyndan ýygy-ýygydan nyşana alyndy.

Ukraina garşy doly göwrümli urşa başlaly bäri, köp sanly subutnama garamazdan, Russiýa parahat ilaty bilkastdan nyşana alýandygy barada aýdylýanlary ret edýär.

Donetsk sebitindäki Bahmut-Awdiýiwka-Marýinka front liniýalaryndaky agyr söweşler dowam edýär diýip, Ukrainanyň Ýaragly güýçleriniň baş ştaby 27-nji aprelde beren gündelik hasabatynda aýtdy.

"Hüjümçi esasy güýjüni Bahmutda, Awdiýwkada we Marýinkada jemleýär, soňky 24 sagadyň dowamynda Ukrainanyň goranmak güýçleri 54 hüjümi yzyna serpikdirdi. Iň gazaply söweşler Bahmutda we Marýinkada bolýar" diýip, goşun aýtdy.

Gündogar harby serkerdeliginiň metbugat wekili Serhiý Çerewatiý 26-njy aprelde Ukrainanyň telewideniýesine rus goşunlarynyň Bahmuty ýere ýegsan edýändigini aýtdy.

"Biziň esgerlerimiziň berkitme hökmünde ulanmak mümkinçiliginiň öňüni almak üçin, ruslar Bahmutdaky binalary ýykyp-ýumurýarlar" diýip, Çerewatiý sözüniň üstüni ýetirdi.

Kreml bilen baglanyşykly işewür, Bahmutdaky rus hüjümleriniň öňüni çekýän hakyna tutma söweşijilere, “Wagner” toparyna gözegçilik edýän Ýewgeniý Prigožin 26-njy aprelde ukrain goşunynyň köpden bäri garaşylýan garşylyklaýyn hüjümine başlamagynyň çynyrgaýndygyny aýtdy. Ol bu hüjümi “gutulgysyz” diýip atlandyrdy we onuň indiki aýda başlanjakdygyny öňe sürdi.

Ukraina tarapy Prigožiniň aýdan sözlerine hiç bir düşündiriş bermedi.

Zelenski 26-njy aprelde hytaýly kärdeşi Si Szinpin bilen Russiýanyň Ukrainadaky giň gerimli urşy başlanaly bäri ilkinji söhbetdeşligini geçirdi.

"Hytaýyň prezidenti Si Szinpin bilen uzak we mazmunly telefon söhbetdeşligini geçirdim" diýip, Zelenski twitterde ýazdy. "Men bu söhbetdeşlik... biziň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ösmegine güýçli itergi berer diýip pikir edýärin" diýip, ukrain lideri aýtdy.

Hytaýyň döwlet eýeçiligindäki teleýaýlymynyň maglumatyna görä, Si Zelenskä "gepleşikler we düşünişmeler" uruşdan çykmagyň "ýeke-täk ýoly" diýdi.

Hytaý bu konfliktde özüniň bitarapdygyny aýdýar we Si bu urşy ýazgarmakdan saklandy.

Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça metbugat wekili Jon Kirbi bu söhbetdeşligi gutlady, ýöne onuň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşylmagyna getirjekdigini ýa-da getirmejekdigini aýtmakdan entek ir diýdi.

"Eger-de gepleşikler arkaly parahatçylyk boljak bolsa, bu prezident Zelenski oňa taýyn bolan wagtynda bolmaly" diýip, Kirbi aýtdy. Ol Birleşen Ştatlaryň, eger-de ol daýanykly bolsa, parahatçylyk ugrundaky islendik tagallany gutlaýandygyny aýtdy.

Kirbi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bu söhbetdeşlik barada öňünden habarly bolamandygyny aýtdy.

"Bular iki sany özygtyýarly lider we biz olaryň gepleşik geçirmegine begenýäris" diýip, Kirbi aýtdy.

NATO-nyň başlygy Jens Stoltenberg 27-nji aprelde ýaranlaryň we hyzmatdaşlaryň harby kömegi Ukrainanyň Russiýanyň basyp alan ýerlerini azat etmek perspektiwalaryny ep-esli gowulaşdyrdy diýdi.

Stoltenberg NATO-nyň Brýusseldäki baş edarasynda žurnalistler bilen söhbetdeş bolup, ýaranlar tarapyndan wada berlen söweş ulaglarynyň “98%-den gowragynyň” eýýäm gowşurylandygyny aýtdy.

"Bu, 1,550-den gowrak sowutly ulag, 230 tank we beýleki enjamlar, şol sanda köp mukdarda ok-däri diýmek" diýip, ol aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG