Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR-nyň prezidenti gyrgyz kazyýetiniň “Azattyk Mediany” ýapmak kararyny ýazgardy


Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň prezidenti Jeými Flaý
Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň prezidenti Jeými Flaý

Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň prezidenti Jeými Flaý gyrgyz kazyýetiniň “Azattyk Media” neşiriniň metbugat serişdesi hökmündäki işjeşligini bes etmegi barada gelen kararyna düşündiriş berdi.

"Azat Ýewropa/Azatlyk radiosy" kazyýetiň gözçykgynç kararyndan şikaýat eder - diýip, AÝ/AR-nyň prezidenti we baş müdiri Jeými Flaý aýtdy. – Biziň taryhymyz adamlaryň, öz hökümetleri tarapyndan senzura sezewar edilýän ygtybarly maglumatlary almak islän halatlarynda, munuň ugur-ýollaryny tapjakdygyny görkezdi" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Bişkegiň Lenin etrap kazyýetiniň kazysy Çolpon Karimbaýewa biraz öň Medeniýet ministrliginiň “Azattyk” radiosyny metbugat serişdesi hökmünde ýapmak baradaky haýyşyny kanagatlandyrdy.

Edaranyň aklawçylary bu kararyň Konstitusiýada kepillendirilen söz azatlygyna bolan garaýşyň görkezijisi bolandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG