8-nji maýda Russiýanyň derňewçileri tanymal rus milletçi ýazyjysynyň ýaralanmagyna getiren bombaly ulag hüjümini amala aşyrmakda güman edilýän adamy terrorçylykly jenaýatlar bilen aýypladylar.
Russiýanyň Ukrainadaky harby kampaniýasynyň yhlasly goldawçysy ýazyjy Zahar Prilepin 6-njy maýda bolan hüjümde iki aýagyny döwdi. Hüjümde Prilepin bilen awtoulagda bolan ýakyn ýoldaşy öldürildi.
Baş prokuraturanyň beýanatynda aýdylmagyna görä, Aleksandr Permýakowa terrorçylykly hereketi amal etmekde we partlaýjy serişdeleri bikanun ulanmakda aýyplama bildirildi.
Russiýanyň Nižniý Nowgorod sebitindäki kazyýet onuň iki aý tussaglykda saklanmalydygy barada karar çykardy.