Azatlyk Radiosy – Türkmenleriň ‘öz sesi’
Türkmenistan dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri bolmagynda galýar. Türkmen režimi ýurtdaky garaşsyz maglumat akymyny berk çäklendirýär. Ýurtdaky Internet üpjünçiliginiň hili hem ýaramaz bolup, sosial torlar, messenjerler, garaşsyz habar saýtlary petikli bolmagynda galýar. Döwlet derejesinde ýöredilýän ýapyklyk syýasaty 70 ýyllap sowet döwründe, soňra-da 30 ýyllap Garaşsyzlyk döwründe ilaty öz ýurdunda bolýan we durmuşyna göni täsir ýetirýän ýagdaýlardan habarsyz galmagyna getirdi. Azatlyk Radiosy 70 ýylyň dowamynda size garaşsyz maglumat ýetirmek, dünýädäki we Türkmenistanyň içindäki ýagdaýlardan habarly etmek missiýasyny berjaý edýär. Azatlyk Radiosy awtoritar prezidentleriň zory astynda sem edilen, öz edýän pikirini aýdyp bilmän dymmaga mejbur bolan türkmenleriň hem 'öz sesiniň' bolmagyna ýol açdy.
Epizodlar
-
Sentýabr 15, 2026«Geçen ýylky köýnegiňmi?» Mekdepdäki kemsitmeler
-
Sentýabr 15, 2026Türkiýedäki türkmenistanlylar nädip araçylara ýüz tutýar we aldanýar?
-
Iýul 29, 2026Türkiýede ýiten iki aktiwist nirede?
-
Iýul 10, 2026Nebit-gaza baý Türkmenistanda dizel gytaldy
-
Iýul 09, 2026'Gepländigi üçin köýdürilen ömürler'