Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň täjik prezidenti Emomali Rahmon bilen telefonda gürleşendigi aýdylýar


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün, 15-nji maýda Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen telefonda gürleşdi diýip, “Türkmenportal” neşiri täjik lideriniň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Taraplar sebitdäki ýokary derejeli çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy, hususan-da şu ýyl Merkezi Aziýanyň döwlet baştutanlarynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Täjigistanda geçiriljek mejlisleri barada pikir alşyldy diýip, resmi habarda bellenilýär.

Emma bu habar şu wagta çenli Türkmenistanyň resmi habar gullugy TDH tarapyndan çap edilmedi.

Mundan bir gün öň, 14-nji maýda döwlet eýeçiligindäki Türkmen döwlet habar gullugy Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Täjigistandaky jemgyýetiniň başlygy M.Gaýypnazarowyň Gurbanguly Berdimuhamedowa ýazan alkyş sözlerinden doly hatyny çap etdi.

Bu hatda 10-11-nji maýda Täjigistanda geçirilen hökümetara gepleşiklerine, iki ýurduňa arasynda hyzmatdaşlygyň gerimine uly baha berilýär we Dusti etrabynyň Ergeş Sultan daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky 540 orunly mekdebiň düýbüniň tutulmagynyň türkmen-täjik gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygy nygtalýar.

Hatyň soňunda Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglygy, uzak ömür we uly üstünlik arzuw edilýär.

Bu hat we habar Azatlygyň “Gurbanguly Berdimuhamedow nirede?” diýen at bilen 11-nji maýda çap eden we häzire çenli iň köp okalan habarlaryň başyny çekýän makalasynyň birnäçe gün soňundan peýda boldy.

Ol makalada Türkmenistanyň öňki prezidenti, Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eýýäm üç hepde töweregi wagt bäri jemgyýetçiligiň gözünden uçandygy aýdylýar.

65 ýaşly Berdimuhamedow döwlet telewideniýesinde soňky gezek 29-njy aprelde görkezildi.

“Watan” habarlar gepleşiginiň iň soňunda berlen gysgaça reportažda onuň prezident oglunyň tabşyrygy boýunça öňünden yglan edilmedik sapar bilen Germaniýada bolandygy, ol ýerde atçylyk toplumyndaky ideg edilýän atlaryň ‘özboluşly aýratynlyklary’ bilen tanşandygy mälim edildi.

Türkmen häkimiýetleri öňki prezidentiň jemgyýetçilige çykmazlygynyň mümkin bolan sebäpleri barada aýdylýanlara hiç bir düşündiriş bermediler.

Forum

XS
SM
MD
LG