Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan-Gruziýa parlamentara dostluk toparynyň duşuşygy geçirildi, uçar gatnawy agzalmady


Türkmen uçary. Arhiw suraty
Türkmen uçary. Arhiw suraty

Türkmen Mejlisinde Türkmenistan-Gruziýa parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi diýip, “Watan” habarlary 22-nji maýda habar berdi.

Duşuşykda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, parlament diplomatiýasynyň hem-de bar bolan parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini doly herekete getirmek meselelerine garaldy.

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa hem Dawid Matikaşwili bilen duşuşyp, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdy.

Emma gepleşiklerde Türkmenistan bilen Gürjüstanyň arasynda açylmagyna garaşylýan uçar gatnawynyň ykbaly barada naslahat edilip-edilmändigi belli däl.

2016-njy ýylyň okatýabrynda çykan metbugat habaryna görä, “Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasy şol ýylyň 2-nji noýabryndan Aşgabat-Tbilisi-Aşgabat aralygynda yzygiderli uçar gatnawyny açmalydy. “Gündogar” habar saýty bu maglumaty “Gruzia-Online” agentligine salgylanyp ýaýratdy.

“Türkmenportal” neşiriniň geçen ýylyň oktýabrynda beren habarynyň hem soňy gelmedi.

Şonda neşir Türkmenistan bilen Gruziýanyň (Gürjüstanyň) arasynda ilkinji gezek göni uçar gatnawynyň ýola goýuljakdygyny, gürji parlamentiniň iki ýurduň hökümetleriniň “Howa aragatnaşygy barada” şol ýylyň 20-nji iýulynda baglaşan şertnamasynyny tassyklandygyny we Aşgabat bilen Tbilisiniň göni uçuşlara başlamagyna mümkinçilik berýän ylalaşygyň güýje girendigini habar beripdi.

Resminama laýyklykda, Gruziýa (Gürjüstan) we Türkmenistan birek-biregiň howa giňişliginde uçuşlary amala aşyrmak, ýolagçylary we ýükleri daşamak hukugyny aldylar.

Iki ýurduň awiakompaniýalary birek-birekde petek (bilet) satuw ofislerini açmak we petek satmak hukugyna eýe, täze gatnaw ýakyn geljekde ýola goýlar diýip, habarda bellendi. Emma bu diýilýän uçar gatnawy açylmady.

XS
SM
MD
LG