Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky komitet kämilleşdiriler


Arhiw suraty. Synçylar türkmen TW-sinde söhbetdeşlige gatnaşýanlaryň 'özlerini erkin duýmaýandygyny' aýdýarlar.
Arhiw suraty. Synçylar türkmen TW-sinde söhbetdeşlige gatnaşýanlaryň 'özlerini erkin duýmaýandygyny' aýdýarlar.

Türkmen hökümetiniň 26-njy maýda geçirilen nobatdaky mejlisinde ýurduň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzümlerini kämilleşdirmek barada gürrüň edildi.

TDH-nyň maglumatyna görä, Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary Mährijemal Mämmedowa sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde prezident Serdar Berdimuhamedowa Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň düzümlerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet baştutanynyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.

Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hödürlenen karara gol çekdi we resminamanyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Bu karar Azatlygyň türkmen metbugaty, hususan-da türkmen telewideniýesiniň öz tomşaçylaryny ýitirmeginiň mümkin bolan sebäpleri barada maýyň başynda çap eden göwrümli makalasynyň birnäçe hepde yz ýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG