Türkmenistan metbugat azatlygy boýunça ýene bir ýyl iň yzdaky ýurtlaryň hatarynda galdy, pygamber ýaşy dolan öňki prezidentiň 15 ýyllyk wezipesinden çekilip, yzdan gelýän has bilimli nesle orun bermegi hem, ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, türkmen metbugatyna garaşsyzlyk ýyllarynda urlan ‘gara gulpy’ bu golaýda açyp biljege meňzemeýär. Bu ýagdaý raýatlaryň köpüsiniň halk içinde 'öwünme' habarlary adyny alan "Watan" programmasyndan ýüz öwrüp, daşary ýurt telekanallaryna tomaşa etmegine sebäp bolýar. Ýerli synçylar türkmen mediasynyň ýöntem waspçylyk esasynda 'bir adamy hudaýlaşdyrmak' synanyşygynyň hem ýurduň prezidentini, hem döwleti halkara derejesinde biabraý edýändigini öňe sürýärler.
3-nji maýda bellenilýän Halkara metbugat azatlygy gününiň öň ýanyndan hat ýazan ýerli žurnalistiň sözleri bilen aýtsak, “islendik ýurduň ösüşi milli medeniýeti - metbugaty, edebiýaty we sungaty, ylmy açyşlary bilen bagly.
“Hany bizde bu zatlar? Türkmen telewideniýesi gaty yzda galdy, bir gepleşik başlasa, ilki hormatly Arkadag, arkadagly Serdar. ...şol bir alkyş sözleri. Gepleşigiň soňunda-da şol, başga gep ýok ýaly” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran žurnalist ýazdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlaryň ählisi diýen ýaly şol bir sözleri aýdyp, halkyň indi esasan diňe başga ýurtlaryň, hususan-da Russiýanyň TW kanallaryna seredýändigini tassyklady.
“Türkmen telewideniýesine biraz köp tomaşa etseň, telewizoryň öňünden kelleagyryly bolup turup gidýäň. ...diňe Arkadag we Arkadagly Serdar diýip öwünmekden başga zat ýok. “Watan” habarlaryndan bir täzelik eşiderin diýip, sagat 21.00 çenli garaşan tomaşaçylara diňe pylança ýerde köke-süýji öndürlýär diýen ýaly habarlar berilýär, adamlar muňa indi “watan” habarlary däl’, eýsem 'öwünme habarlary' diýýär" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, adamlar artykmaç çykdajy edip, internet arkaly rus teleýaýlymlaryny görmäge barha kän ýykgyn edýärler, ýogsa olar üçin şu agyr ykdysady şertlerde 400 manada çenli çykdajy çykarmak aňsat iş däl. Bu adamlaryň nähilem bolsa bir habar almaga, dünýäde bolýan zatlary bilmäge çalyşýandyklaryny, türkmen metbugatyndan gaty lapykeç bolandyklaryny aňladýar.
Döwlet senzurasy kanun esasynda gadagan edilen hem bolsa, öz wezipesini 'gazanylan üstünlikleri beýan etmekde görýän' türkmen metbugaty “ýakymsyz” diýilýän habarlary halka ýetirmeýär.
Syýasy-ykdysady kynçylyklar, giň ýaýran korrupsiýa, bilimdäki yzagalaklyk ýaly düýpli sosial meseleler beýlede dursun, ýurtda bolýan köçe-ýol hadysalary, adam ölümine sebäp bolýan jenaýatlar, ýangynlar, hatda suw joşgunlary ýa sil suwlarynyň paýtagtyň köçelerini basmagy, ýer titremesi, ýel-tupan ýaly tebigy hadysalar baradaky maglumatlar hem onlarça ýyl bäri 'gadagan' temalar bolmagynda galýar.
Metbugatyň habar bermek mümkinçiliginiň şeýle ýokary derejede çäklendirilmegi häkimiýetlere hemme zadyň gowudygyny, Türkmenistanyň “bedew bady bilen ösýändigini” tassyklamak üçin gerek diýip, synçylar aýdýar. Şol bir wagtda, eger-de her gün bolýan ýol hadysalary, edilýän jenaýatlar barada metbugatda habar berilse, ýurtda ýaşamagyň nähili howply bolandygy has kän kişä mälim bolar we daşary ýurtlara gitmek isleýän has-da köpeler diýen gorky bar diýip çaklanylýar.
Bu ýagdaýy ýurtdaky ýol hadysalary barada maglumat berýän ýerli habarçymyz hem tassyk etdi.
“Men Türkmenistanda bolýan jenaýatlaryň, heläkçilikli ýol hadysalarynyň diňe 10% çemesini eşidýärin we olaryň diňe 3%-e golaýyny barlap, toplan maglumatymy diňe şondan soň radionyň redaksiýasyna iberýärin, sebäbi mende bolan hadysalaryň ählisi maglumat toplamak mümkinçiligi ýok” diýip, habarçymyz aýtdy.
Onuň sözlerine görä, eger-de türkmen telewideniýesi ýurtda bolýan agyr jenaýatlar, heläkçilikli ýol hadysalary, pajygaly ýagdaýlarda ölýän adamlaryň anyk sany, bozulýan maşgalalar, ýetim galýan çagalar... barada habar berip başlasa, onda biziň ýurdumyz bir aýa ýetmän dünýäde jenaýatçylygyň iň ösen ýurtlarynyň biri hökmünde tanalar.
Türkmen TW-siniň habar, maglumat garyplygy türkmenistanlylary hususan-da rus telekanallaryna has köp itekleýäne çalym edýär.
"Türkmen telewideniýesinde ...hiç zat ýok, Lebapda we Daşoguzda türkmen TW-sini asla görmeýärler. Haýsy hojalygy görseň, rus ýa-da özbek telekanallaryna tomaşa edýärler, soňky wagtlarda türk seriallaryna hem seredýän köpeldi” diýip, habarçymyz aýtdy.
Ýöne ol türkmenistanlylaryň Russiýanyň onlarça telekanalyna tomaşa edýändigini, bu ýagdaýyň ýurtda rus propagandasynyň giňden ýaýradylmagyna “gowy kömek edýändigini”, adamlaryň öz ýurtlarynda bolýan wakalara garanda, Russiýada bolýan wakalara, sport çärelerine hem has köp gyzyklanma bildirýändigini, bu barada biri-biri bilen pikir alyşýandygyny hem sözüne goşdy.
“Bu nämäni aňladýar? Türkmenistanyň TW-sinde adamlary gyzyklandyrýan, özüne çekýän hiç zat ýok. Türkmen habar serişdeleriniň işi nol, netijesiz... Telewizorda görere hiç zat galmady. Hatda öňki kinolarymyz hem görkezilenok. "Japbaklar”, “Aýgytly ädim” ýaly onlarça kinomyz bar, emma häzir olaryň hiç birini görkezmeýärler” diýip, habarçymyz aýtdy.
Radio bilen aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan adamlaryň sözlerine görä, eger-de rus multfilmlerine tomaşa etmeseler, türkmen telewideniýesinde hatda çagalar üçin hem görere zat ýok.
“Başga welaýatlardaky ýagdaýy bilemok, ýöne Lebapda agşamlaryna “Watan” habarlary programmasyny görýänler bilen gyzyklanyp, kimden sorasam, “mende türkmen TW-si ýok, men ony göremok, görere zat ýok” diýip jogap berýär. Siz ynanmarsyňyz, bir müň hojalykda elli çemesi öýde türkmen TW-si görülýän bolsa, zor boldugy” diýip, habarçy aýtdy.
Anyk statistiki maglumatlar bolmasa-da, türkmen maşgalalarynyň barha köpüsiniň özbek, rus, türk, azeri telegepleşiklerini görmegi netijesinde, soňky onýyllyklarda kemala gelen nesilleriň arasynda türkmen dilini örän gowşak bilýän, başga dillerdäki sözler bilen kän garyp gepleýän adamlaryň barha köpelýändigi habar berilýär.
Eger biraz yza çekilsek, Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende, Türkmenistandaky metbugat, kitap, kino we oýun açlygyny boýun aldy we bu ýagdaýy üýtgetmäge çagyrdy.
Emma bu çagyryşdan çykarylan netije diňe metbugatdaky ‘baş gahrymanyň’ täzelenmegi, ýa-da öňki şa şahyra derek has ‘köptaraply talantyň’ orta çykarylmagy, Türkmenistanyň halkara metbugatynda has kän gülki, ýaňsylama döredýän ýolbaşçyly bir ýurda öwrülmegi bilen çäklendi.
Hukuk goraýjy Farid Tuhbatulliniň pikiriçe, Türkmenistanyň öňki iki prezidenti barada "Watan" habarlary programamsynyň wideolary esasynda taýýarlanan gysgajyk wideohabarlar bu ýurtda adam hukuklarynyň nähili gödek we yzygiderli basgylanýandygyna ünsi çekmek üçin ulanylan 'gowy' material boldy. Ýöne ol bir gezek TDH-nyň taýýarlaýan juda köp we boş sözli habarlarynyň içinden hakyky habarlary tapyp, saýlap almagyň we olary dünýäniň habar ölçegleri esasynda çap etmegiň gaty kän güýç talap edýändigini hem boýun aldy.
Tuhbatulliniň we beýleki ýerli synçylaryň pikirine görä, berk döwlet senzurasy astynda işleýän metbugat, awtoritar ýolbaşçylaryň isleglerini kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, Türkmenistanyň birinji we ikinji prezidentlerini hakyky boluşlarynda dünýä açyp görkezmek üçin kän maglumat berdi. Olar haýsydyr bir lakama dulanan žurnalistiň, anonimlik şertinde pikirini aýdan ýerli synçynyň sözleri arkaly däl, “Watan” habarlar programmasynyň yzygiderli efire berýän wideo ýazgylary esasynda ‘tanymal’ boldular diýip, Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy Hudaýberdi Hally aýtdy.
Eýsem, türkmen metbugaty näme üçin öz muşdaklaryny ýitirýär, bu ýerde esasy mesele nämede?
Azatlygyň habarçylary bu soraga gysgaça “mesele ýurtda ýekeje-de garaşsyz neşiriň bolmazlygynda, habar serişdeleriniň ählisiniň berk döwlet gözegçiliginde saklanmagynda” diýip jogap berýärler.
Türkmenistanda habar serişdeleri döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýär we olaryň ýolbaşçylary prezident tarapyndan işe bellenilip, öz öňünde goýlan talaplary ödemese, prezident tarapyndan hem işden boşadylýar. Bu ýagdaý metbugat ýolbaşçylaryny okyjylaryň, diňleýjileriň göwnünden turmak, olaryň talaplaryny ödemek üçin däl-de, eýsem diňe prezidentiň göwnüni awlamak üçin işlemäge mejbur edýär diýip, synçylar aýdýar.
Azatlyk bilen dürli döwürlerde açyk we bilen anonimlik şertinde gürleşen žurnalistleriň, ýazyjy-şahyrlaryň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda galamdan çörek iýýän adamlaryň ýurtda bolýan zatlary haky bolşunda ýazmak we halka ýetirmek üçin, eger daşary ýurtlardaky garaşsyz habar serişdeleri ýa beýleki guramalar, adamlar bilen işleşmeseler, hiç bir mümkinçiligi ýok. Ýöne bu ‘mümkinçilik’, garaşsyz neşirleriň yzygiderli ýanalýan, türmä basylýan, zor bilen ruhy hassahana ýerleşdirilýän, urlup-ýenjilýän ýa gorkuzylýan şertlerinde örän howply bolmagynda galýar.
Ýöne, Türkmenistanyň garaşsyz žurnalistler üçin tasdan doly ýapyk bolmagyna garamazdan, bu ýurda barýan we gören zatlaryny bolşy ýaly ýazýan, 'türkmen demir perdesiniň' arkasyndaky durmuşa halkara jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge çalyşýan žurnalistler azda bolsa tapylýar.
Bu hili waka golaýda, Serdar Berdimuhamedow prezident bolaly bäri birinji gezek boldy. Apreliň aýagynda Ysraýylyň daşary işler ministri Eli Kohen bilen Türkmenistana sapar eden žurnalist Tal Şnaýderiň ýazan makalasy bu ýurduň öz raýatlaryny kanuny azatlyklaryndan mahrum edýändigini, adamlaryň ýurt ýolbaşçylary barada ‘erbet söz aýtmagynyň gadagandygyny’, türkmen paýtagtyndaky ‘çolalygyň ýa-da boşlugyň’ açyk syryny ýene bir gezek açan ýaly boldy.
Türkmenistanda emele gelen agyr ýagdaý, onuň mümkin bolan sebäpleri, görnüşinden, diňe žurnalistleriň ýazan makalalary esasynda däl, soňky onýyllyklarda daşary ýurtlara çykan we yzyna gelmek islemeýän adamlaryň barha köpelmegi, sosial mediadaky işjeňlikler arkaly hem barha kän açylyp görkezilýär.
Bu, Hudaýberdi Hallynyň çykarýan netijesine görä, türkmen döwlet senzurasynyň internet asyrynda geçmişe we şu güne gözegçilik etmek, adamlary maglumat açlygynda saklamak synanyşygynyň 'uly şowsuzlyga uçrandygyny', gadaganlyga bukulýan ýolbaşçylaryň bolsa özlerini dünýä gülki edendigini görkezýär.
Ikinji tarapdan, ýazyjynyň pikiriçe, Saparmyrat Nyýazow, Gurbanguly Berdimuhamedow ýaly sowet terbiýesini alan ýolbaşçylar metbugaty oýnaýandyryn öýdüp, hakykatda metbugat işgärleri tarapyndan oýnalan adamlar boldular.
"Indi döwür bu synagy Serdar Berdimuhamedowyň hem öňünde goýdy. Ol ýa, öňki iki prezident ýaly, metbugaty oýnan bolup, hakykatda özüni oýnatmaly we dünýä gülki bolmaly, ýa-da Türkmenistany biabraý eden 'diňe bir adam' syýasatyndan el çekmeli. Şonda ol ozaly özüni, türkmenistanlylary we prezident hökmünde berjaý edilmeginiň goragynda durmaly kanunlaryny sylan adam bolar" diýip, ýazyjy we synçy Hudaýberdi Hally aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, türkmen kanunçylygy Türkmenistanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkindigini, ýagny azatdygyny aýdýar.
"Döwlet pikir aňlatmakda köpçülikleýin habar beriş serişdelerine erkinligi kepillendirýär. Kanuna laýyklykdakydan başga ýagdaýda hiç kim jemgyýetçilik bähbidi bolan habary gadagan edip ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ony ýaýratmaga päsgel berip bilmez" diýip, Türkmenistanyň "Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda" kabul eden kanunynda aýdylýar.
Şeýle-de, kanunda tassyklanylmagyna görä, "Türkmenistanyň raýatlary pikirlerini we ynamlaryny aňlatmak, agtarmak, maglumaty gözlemek, almak we ýaýratmak üçin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň islendik görnüşlerini peýdalanmak" we "döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, wezipeli adamlaryň işi hakyndaky maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen almak" hukuklaryn eýe bolup durýar.
Mundan başga, gürrüňi edilýän kanun Türkmenistanyň on sekiz ýaşyna ýeten raýatlaryna ýa-da olaryň birleşiklerine köpçülikleýin habar beriş serişdelerini döretmek hukugyny berýär. Emma hakykatda, durmuş ýüzünde Türkmenistanda öňki sowet ýurtlarynda mümkin bolan derejedäki metbugat we söz azatlygy meýilleri ýurt garaşsyzlygynyň başky ýyllaryndan başlap, gazaply repressiw çäreler, žurnalistleriň yzygiderli ýanalmagy bilen basylyp ýatyryldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum