Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň baş sekretary Helga Şmidi kabul etdi diýip, TDH habar berdi.
Helga Şmid türkmen liderine Arkadag şäheriniň “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulýandygy baradaky güwanamany we Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna berlen “EcoPorts” güwänamasyny gowşurdy.
Şeýle-de ol, türkmen mediasynyň maglumatyna görä, ÝHHG-niň Türkmenistan bilen ählumumy parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine laýyk gelýän hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Bu duşuşyk ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze binasynyň açylan wagtyna gabat geldi.
TDH-nyň anyklaşdyrman ýazmagyna görä, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi.
Taraplaryň syýasy we howpsuzlyk meseleleri, energiýa hyzmatdaşlygy barada pikir alşandygy, üstaşyr ulag ulgamynda, demokratik institutlaryň işini kämilleşdirmek, adam hukuklaryny we azatlyklaryny, gender deňligini üpjün etmek meselelerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşandygy aýdylýar.