"Türkiýäniň polisiýasy Berdimuhamedowyň režimine ýardam berýär"
Türkmenistandan bolan aktiwist Nurmuhammet Annaýew Ýewropada syýasy gaçybatalga ýüz tutmaga mejbur boldy. Berdimuhamedow režiminiň kesgir tankytçysy 2020-nji ýylyň fewralynda ýurdy terk etdi. Ol, ilkibaşda, Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýardy, soňra Türkiýä geçdi. Annaýew Stambulda özüniň aktiwist işjeňligini güýçlendirdi. Ol Türkiýäni türkmen aktiwistleri üçin howply ýer hasaplaýar. Onuň sözlerine görä, aktiwistlere Türkmenistana berilmegiň hakyky howpy abanýar. "Migrant Media"
Epizodlar
-
Iýul 29, 2026Türkiýede ýiten iki aktiwist nirede?
-
Iýul 10, 2026Nebit-gaza baý Türkmenistanda dizel gytaldy
-
Iýul 09, 2026'Gepländigi üçin köýdürilen ömürler'
-
Iýun 24, 2026Emeli aň we döwlet gözegçiligi