Ukraina ýurduň harby güýçleriniň minomýot oklaryny satyn almagyna niýetlenen 40 million dollar töweregi serişdäniň ogurlanmak synanyşygynyň üstüni açandygyny we öňüni alandygyny mälim etdi.
Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugy (UHG) 27-nji ýanwar güni giçlik bäş adama aýyplama bildirlendigini, bir adamyň bolsa, Ukraina serhedinden geçjek bolanda tussag edilendigini habar berdi. Eger-de günäli tapylsalar, bu adamlar 12 ýyla çenli azatlykdan mahrum ediler.
Bu derňew Kiýewiň Ýewropa Bileleşigine we NATO agzalygyny tizleşdirmek maksady bilen korrupsiýa garşy alyp barýan göreşini güýçlendirmäge synanyşýan wagtyna gabat geldi. Bu iki blogyň resmileri Kiýewiň özlerine goşulmazyndan öň korrupsiýa garşy giň gerimli reformalary geçirmegini talap etdiler.
UHG derňewiň "Goranmak ministrliginiň resmileriniň we ýarag üpjünçiligi bilen meşgullanýan Lwow Arsenalyň dolandyryjylarynyň üstüni açandygyny, olaryň top oklaryny satyn almaga gönükdirilen 1,5 milliard hriwniany ogurlandygyny" aýtdy.
"Derňewiň netijesine görä, ogurlyga Goranmak ministrliginiň öňki we häzirki ýokary derejeli işgärleri we dahylly kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşýar" diýip, UHG ozal twitter diýlip atlandyrylan X plarformasynda aýtdy.
Aýdylmagyna görä, ogurlyk harby güýçler üçin satyn alynmaly 100,000 minomýot oky bilen bagly.
Tölegi alanlaryndan soň, kompaniýanyň işgärleri bu serişdeleri daşary ýurtda hasaba alnan we Ukraina ok-däri iberjek bir kärhana geçirmeli eken.
Emma muňa garamazdan, bu harytlar Ukraina gelip ýetmedi we onuň deregine pullar Ukrainadaky we Balkan ýurtlaryndaky dürli hasaplara iberildi.
Bu serişdeler ele salyndy we olar ýurduň goranyş býujetine gaýtarylar diýip, Ukrainanyň Baş prokuraturasy aýtdy.
Beýanatda aýdylmagyna görä, ministrligiň we ýarag üpjünçiligi bilen meşgullanýan edaranyň bäş işgärine "şübhe bildirişleri" berildi. Bu ukrain kazyýet işiniň birini tapgyry bolup durýar. Şeýle-de, güman edilýänleriň biriniň ýurtdan çykmak üçin ukrain serhedinden geçjek bolanda tussag edilendigi aýdylýar.
Ukrain lideri Wolodymyr Zelenski 2019-njy ýylda, Russiýa 2022-nji ýylyň fewral aýynda Ukraina çozmazyndan has öň, korrupsiýa garşy göreş boýunça beren wadalary esasynda prezidentlige saýlandy.
Soňky habarlara görä, Ukrainanyň howa goragy 29-njy ýanwarda Russiýanyň dört sebiti - Mykolaýýew, Dnipropetrowsk, Hmelnytskiý we Riwne sebitlerini nyşana alan sekiz pilotsyz uçarynyň ählisini urup gaçyrandygyny aýtdy.
Baş ştabyň habaryna görä, şeýle-de Ukraina bir Iskander-M we üç sany S-300 raketasy hem uçuryldy.
Şu aralykda, Russiýanyň howa goragy ukrain dronynyň 29-njy ýanwarda, Moskwanyň demirgazyk-gündogaryndaky Ýaroslawl şäheriniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyna, Slawneft-ÝANOS-a eden hüjüminiň öňüni aldy diýip, sebit häkimi Mihail Ýewreýew aýtdy. Ol Moskwadan 250 km uzaklykda ýerleşýän zawodda ýangynyň we ýitginiň bolmandygyny hem sözüne goşdy.
Bu aýdylýanlar bada-bat we garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmady.
Forum