Eýranyň prezidenti Ebrahim Raisi 22-24-nji aprel aralygynda aýaly bilen bilelikde, hem-de daşary işler ministri Hosseýin Amir-Abdollahian we beýleki ýokary derejeli eýran resmileri, işewür wekiliýeti bilen Pakistana resmi sapar amala aşyrar diýip, 21-nji aprelde Pakistanyň daşary işler ministrligi mälim etdi.
Bu sapar, ysraýyl-gaza çaknyşygynyň arasynda, hem-de konfliktiň giňemegi bilen bagly howatyrlanmalaryň fonunda, galyberse-de, ýanwar aýynda Gyzyl deňizde gämi daşamalaryna abanan wehimleriň yz ýany, iki musulman goňşy bir-birege raketa zarbalaryny urandan soňra, iki ýurduň arasynda amala aşyrylýan ilkinji resmi sapar bolar.
Yslamabat Raisiniň pakistan prezidenti Asif Ali Zardari we premýer-ministr Şehbaz Şarif bilen, şeýle-de senatyň hem-de Milli geňeşiň ýolbaşçylary bilen duşuşjakdygyny aýtdy.