Gürjüstanda 2024-nji ýylda bolan parlament saýlawlaryndan soň, bu ýurda sapar edýän türkmenistanly migrantlaryň sany artypdyr. Azatlyk Radiosynyň Migrant Media proýektine gowuşýan maglumatlara görä, dürli sebäplere görä Russiýada galyp bilmeýän türkmenistanly migrantlaryň köpüsi Abhaziýa arkaly Gürjüstana iş maksatlary üçin barýarlar. Migrantlaryň gürrüň bermegine görä, olar Abhaziýadan geçmek üçin para bermeli, Gürjüstana baranlarynda jerime tölemeli bolýarlar. Wideo: “Azatlyk Radiosynyň MigrantMedia Taslamasy”
Epizodlar
-
Sentýabr 15, 2026«Geçen ýylky köýnegiňmi?» Mekdepdäki kemsitmeler
-
Sentýabr 15, 2026Türkiýedäki türkmenistanlylar nädip araçylara ýüz tutýar we aldanýar?
-
Iýul 29, 2026Türkiýede ýiten iki aktiwist nirede?
-
Iýul 10, 2026Nebit-gaza baý Türkmenistanda dizel gytaldy
-
Iýul 09, 2026'Gepländigi üçin köýdürilen ömürler'
Forum