Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenler Orsýetde öldürilen Kobiljonyň ölümine gynanç bildirýärler, milletçiligi ýazgarýarlar


Täjik raýaty Kobiljon Alyýew Täjigistanyň Şahrinaw etrabynyň Ajam obasyndaky gonamçylykda jaýlandy.
Täjik raýaty Kobiljon Alyýew Täjigistanyň Şahrinaw etrabynyň Ajam obasyndaky gonamçylykda jaýlandy.

Azatlygyň habarçysy soňky günler ýurduň köpçülik ýerlerinde, awtobus duralgalarynda we ýolagçy awtobuslarynyň üstünde, taksilerde özara söhbetdeş bolýan adamlaryň esasan Orsýetde bir ýetginjek tarapyndan pyçaklanyp öldürilen täjigistanly Kobiljona bolan gynanjyny bildirýändigini, rus mekdebinde bolan wakany ‘wagşylyk’ hökmünde häsiýetlendirýänleriň hem az däldigini habar berýär.

“Balkanabatda imo, telegram grupbalarynda Kobiljonyň maşgalasyna maddy kömek üçin pul toplaýarlar we [toplanan serişdäni] onuň maşgalasyna ugratmagyň ýollaryny gözleýärler” diýip, habarçymyz 23-nji dekabrda ýazdy.

Ozal habar berlişi ýaly, Moskwa oblastynyň “Gorki-2” obasyndaky mekdebiň bir okuwçysy mekdebe pyçakly gelip, 16-njy dekabr güni irden beýleki okuwçylara hüjüm etdi. Ol mekdep goragçynyň ýüzüne burç sepip, ony pyçaklady we soňra 10 ýaşly okuwça, Kobiljon Alyýewe pyçak urdy we gymyldydan galan çaganyň ýanynda özüni selfi suratyna düşürdi.

Kobiljonyň pajygaly ölümi köp adamy 'sarsdyrdy'

Jenaýat edilýän wagtynda düşüren wideo sosial mediada giňden paýlaşyldy we ulanyjylaryň arasynda gahar-gazap döretdi.


Habarçymyz, hepde ahyrynda Aşgabatda bolanda we soň Balkanabada gelende şaýat bolan söhbetdeşliklerine salgylanyp, bu waka barada pikir alyşýan adamlaryň köpüsiniň ony Orsýetiň zähmet migrantlaryna garşy alyp barýan syýasatynyň ‘miwesi’ hasaplaýandygyny aýtdy.

Azatlygyň söhbetdeşleriniň birnäçesi bu wakanyň rus milletçileriniň merkezi aziýaly, milleti rus bolmadyk adamlaryň Russiýa gelmeli däldigi barada eden ‘signaly bolup görnendigini’ aýtdy.

“10 ýaşly Kobiljonyň günäsi milletiniň rus bolmazlygy boldy” diýip, bir ýaşaýjy aýtdy, onuň pikirine görä, bu waka belli bir derejede Kremliň merkezi aziýalylar babatynda alyp barýan syýasaty bilen baglanyşykly bolup görünýär.

Söhbetdeşlerimiziň biri Kremliň Merkezi Aziýa özüniň ‘arka howlusy’ hökmünde garaýandygyny öňe sürdi.

Şeýle-de, bu waka barada pikirini aýdýan adamlar bu hili jenaýatlara ‘göz ýummaly’ däldigini bellediler.

Täjigistan günäkäriň jogapkärçilige çekilmegini talap edýär

Täjigistanyň daşary syýasat edarasy, 17-nji dekabrda ýaýradylan beýanata görä, 10 ýaşly Kobiljonyň öldürmegini ksenofobiýa diýip atlandyrdy we Russiýanyň Duşenbedäki ilçisine degişli notanyň gowşurylandygyny habar berdi.

Notada “bu pajygaly wakanyň derrew, obýektiw we bitarap derňelmeginiň we degişli adamlaryň ählisiniň kanuna laýyklykda jogapkärçilige çekilmeginiň talap edilýändigi" aýdylýar.

Bu waka GDA agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň Orsýetiň Sankt Peterburg şäherinde, 22-nji dekabrda geçiren resmi däl duşuşygynyň öň ýanyna gabat geldi. Bu duşuşyga Täjigistanyň prezidenti hem gatnaşdy.

Azatlyk radiosynyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin täjik prezidenti Emomali Rahmona 10 ýaşly täjik ýetginjegi Kabiljon Alyýewiň öldürilmeginde jogapkär bolan adamlaryň jezalandyryljakdygyny aýtdy.


Ol Rahmona we Kobiljon Alyýewiň maşgalasyna gynanç bildirip, “Çagalara garşy terrorçylykly hereket elhenç jenaýat bolup durýar” diýdi.

“Derňew tamamlanar we günäkärler, eger birnäçe hem bolsa, hökman jezalandyrylar. Men bu jenaýata haýran galdym” diýip, rus lideri sözüniň üstüni ýetirdi.

Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon Kabiljon Alyýewiň Moskwa sebitindäki mekdepde öldürilmegini “garaşylmadyk waka” diýip atlandyrdy. Ol Putiniň “Jogapkärleriň jezalandyrylmagyna gözegçilik etmegine” umyt baglaýandygyny hem sözüne goşdy.

Moskwa sebitiniň Odintsowo etrabyndaky mekdepde 15 ýaşly rus ýetginjegi Timofeý K. tarapyndan edilen hüjüm netijesinde ýogalan Kobiljonyň ölümi bilen bagly waka täjik jemgyýetinde we onuň daşynda, köp adamda gahar-gazap döretdi.

Maglumat üçin aýtsak, 2024-nji ýylyň mart aýynda Moskwada "Krokus-siti" söwda merkezinde bolan ganly terror hüjüminden soň, Orsýetde işleýän orta aziýaly migrantlara edilýän milletparazlyk basyşlary güýçlendi.

"Merkezi Aziýadan baran migrantlara Russiýada howpsuzlyk töwekgelçiligi hökmünde seredilýär" diýip, Gollandiýada ýaşaýan aklawçy Nodira Abdulloýewa aprel aýynda Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Ikinji tarapdan, Russiýanyň Ukrainada alyp barýan urşy bilen baglylykda, Orsýete gelýän merkezi aziýalylaryň rus goşunlarynyň hatarynda urşa çekilmek ähtimallygynyň hem köpelendigi öňe sürülýär.

Türkmen metbugaty dymýar, türkmenler pikir alyşýar

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty adatça bu hili habarlary çap etmeýär, şol sanda türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlarda sezewar bolýan kynçylyklary barada hem maglumat bermeýär.

Emma muňa garamazdan, sosial mediada edilýän gürrüňlerden, habarçylarymyzyň berýän maglumatlaryndan çen tutulsa, türkmen raýatlary soňky bir ýylyň dowamynda ýurt içinde we daşynda bolýan dürli wakalara öz reaksiýalaryny bildirmäge, pikirlerini aýtmaga barha köp synanyşyk edýärler.

Şol bir wagtda, söhbetdeşlerimiziň käbiri Türkmenistanda, eklenç etmek kynçylyklarynyň arasynda, soňky onýyllyklarda daşary ýurtlarda bolýan wakalar bilen asla gyklanmaýan adamlaryň juda köpelendigini öňe sürýär.

Azatlyk bu ýagdaýlary ýurt içinde, ýerine görüp, anyk bir netije çykaryp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG