Ýerli çeşmeler mekdeplerdäki döwlet dilegçiliginiň, mugallymlaryň okuwçylaryň we olaryň ene-atalarynyň jübülerine girmeginiň adaty zada öwrülendigini, şol bir wagtda häkimiýetleriň ýaş nesle berilýän bilimiň hili bilen kän gyzyklanmaýandygyny habar berýärler. Synçylar çagalardan ýygnalýan pullaryň maşgala býujetlerine agram salyp, köp hojalykda dartgynlylyk döredýändigini, haýsy derejedäki resmiden çykandygy bilinmeýän görkezmeleriň bütin hökümetiň abraýyna ‘kölege salýandygyny’ öňe sürýärler.
Azatlygyň habarçylarynyň 1-nji aprelde beren habaryna görä, ýurduň käbir mekdeplerinde, 4-nji çärýegiň başlanmagy bilen, şu ýyl okuwyny gutarýan, uçurym bolmaly, durmuşda öz ýoluny, ornuny gözlemeli okuwçylaryň her birinden, mekdebiň bejergi işleri üçin diýlip, 500 manat möçberinde pul getirmek soraldy.
Mekdep dilegçiliginiň 'işdäsi açylýar'
Azatlygyň habarçylary mekdeplerdäki döwlet dilegçiligi ýa-da ‘mugallym dilegçiligi’ diýilýän barada yzygiderli habar berýärler. Maglumat üçin aýtsak, geçen ýylyň sentýabrynda, täze okuw ýyly başlananda hem, Aşgabadyň orta mekdeplerinde okuwçylardan mekdebiň hojalyk hajatlary üçin pul soralypdy.
Şonda habarçymyz bilen gürleşen ene-atalar bu ýagdaýdan gaty nägilediklerini, mekdeplerde berilýän bilimiň derejesiniň ýyl-ýyldan pese gaçýandygyny aýdypdylar.
Söhbetdeşlerimiziň sözlerine görä, mugallymlar okuwçylaryň soňy gelmeýän mekdep dilegçiligi hakynda kakdyryp aýdýan ýaňsyly sözlerini eşitmezlige salýarlar. Ýöne ‘mugallymlar çäresiz, mesele mekdep direktorlarynda, Bilim ministrliginde’ diýýän synçylar hem bar.
Azatlygyň Aşgabatdaky Bilim ministrliginiň web saýtyndaky telefonlara jaň edip, görkezilen salgy esasynda hat ýazyp, bu aýdylýanlary tassyklatmak ýa inkär etdirmek synanyşygy hiç bir netije bermedi.
Azatlyk ‘remont puluny gyssagly ýygnap almak’ baradaky maglumatlaryň çykan ýerlerini, 500 manatdan pul ýygnamak tabşyrygyny alan we okuwçylara ýüz tutan mugallymlaryň atlaryny howpsuzlyk aladalary, çeşmeleriň haýyşlary sebäpli aýtmaýar.
“Remont puluny aprel aýynda doly tabşyryp dynmaly” diýip, berlen maglumata görä, mugallymlar okuwçylara özlerine aýdylan sözleri aýdypdyrlar.
Çeşmeler çagalardan pul soraýanlaryň hemmesiniň biparh, maşgalalaryň ýagdaýyna düşünmeýän adamlar däldigini, ýöne bu hili talaplar bilen öwrenişen, olara öz mugallymçylyk işiniň bir bölegi hökmünde garaýan, ýüzi çytylýan ýa gözünde çuň gaýgy oturan çagalaryň ýüzüne seretmeýän pedagoglaryň hem az däldigini aýdýarlar.
Anonimlik şertinde gürleşen ene mekdepde çagalara ‘kemsidiji, minnetli sözler bilen ýüzlenmegiň’ geň hem görülmeýändigini, ene-atalaryň köpüsiniň bu ýagdaýy bolmaly zat ýaly kabul edýändigini gürrüň berdi.
'Okan ýeriňize peýdaňyz degsin' diýýärler
“Her gezek pul ýygnanlarynda, okuwçylara ‘okan ýeriňize peýda etseňiz gowy bolar’ diýýärler, olaryň maşgalalarynyň ýagdaýy barmy, ýokmy, düýpden gyzyklanmaýarlar. Okuwyny gutarýanlara bolsa, edil bazarda söwda edýän ýaly çemeleşýärler. Mekdep direktory oglumyň okaýan synpyna gelip, ‘Öňüňizde iň soňky jaň çäräňiz bar, ekzamenleriňiz bar, siz eglişik etseňiz, biz hem size kömek ederis’ diýipdir.”
Aýry-aýrylykda gürleşen okuwçylaryň tassyklamagyna görä, her klasda azyndan 35-40 okuwçy bar, olaryň her biri 500 manatdan getirse, bu 20 müň manat çemesi pul bolýar.
Ene-atalaryň, okuwçylaryň, magaryf işgärleriniň birnäçesi habarçymyz bilen söhbetdeşlikde mekdebi tamamlaýan okuwçylardan ‘remont puluny almak’ zerurlygy ýok diýen pikiri öňe sürdüler. Olaryň berk ynanjyna görä, ýokardan bu hili görkezme ýa tabşyryk berilmeýär, has anygy, ýokardaky resmiler bikanun tabşyryk berip, işlerini ýitirmekden gorkýarlar.
Emma muňa garamazdan, mekdep direktorlarynyň we mugallymlaryň okuwçylardan gorkuzyp, ‘öňüňizde ekzamen, synag bar’ diýen haýbat bilen bikanun pul almagy ‘arkasyz adamlaryň etjek işi däl’ diýýänler hem bar.
Ikinji tarapdan, magaryf ulgamyndaky çeşmeleriň tassyklamagyna görä, mugallymlaryň arasynda “Öňüňizde ekzamen bardyr, okuwa gitjek bolsaňyz, gowy baha gerekdir” diýen ýaly sözleri sapak wagtynda açyk aýdýan mugallymlar soňky ýyllarda has köpelene çalym edýär.
Azatlygyň habarçylary aýry-aýrylykda gürleşen ene-atalar häzirki durmuş kynçylyklarynyň arasynda ‘remont üçin pul bermejekleriň gaty kändigini’ aýtdylar.
Söhbetdeşlerimiziň biri häzirki ýagdaýda, hünär mekdepleriniň, ýokary okuw jaýlarynyň alym-berim ýagdaýy we garyplyk sebäpli, ‘attestat gerek däl’ diýýän ene-atalar, okuwçylar hem az däl.
Ene-atalaryň 'soňky jaň' gorkusy hökümeti 'gyzyklandyrmaýar'
“Remont pulundan başga, okuwçylaryň soňky jaňlary üçin hem pul ýygnalýar. Mekdebiň soňky jaň bezegi, mugallymlara sowgat, soňky jaň üçin okuwçylaryň eşikleri azyndan 1500 manat çykdajy bolýar. Ene-atalaryň köpüsiniň bu puly jemlemäge ýagdaýy ýok. çagasyny kemsitmejek bolup, köp adam bergä girýär. Geçen ýyllarda öz janyna kast eden çagalar hem boldy. ‘Soňky jaňda klasdaşlarymdan pes geýinýän’ diýip, ene-atalar çagalarynyň bolmasy bir iş etmeginden alada galýarlar. Okuwçylaryň käbiri gara işde işläp, gerek pully jemlejek bolýar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi diňe Bilim ministrliginiň däl, ministrler kabinetiniň hem indi bu meselä göz ýummagyny goýamalydygyny aýtdy.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanyň bilim ministri ýygy-ýygydan täzelenýär. Ýurtdaky bilim meseleleriniň köp sorag döredýändigine garamazdan, ol ministrleriň käbiri birnäçe ýyl işläninden soň ösdürilip, hökümet başlygynyň orunbasary wezipesine çenli ýetip bilýär.
Mysal üçin, ozal Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň rektory bolup işlän Baýramgül Orazdurdyýewa 2024-nji ýylda, bir ýylyň dowamynda ilki bilim ministri, soňra hökümet başlygynyň orunbasary wezipelerine çenli ösdürildi. Ýöne ol şu ýylyň fewralynda, sebäbi görkezilmän, wise-premýer wezipesinden boşadylyp, ‘gidiber’ diýlip, mejlisden kowuldy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum