Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"It ýaly jaýlanan": Çeçenistanda zulum ölüm bilen hem gutarmaýar

Aýşat Baýmuradowanyň mazary, Ýerewan şäheri, 27-nji mart. Ol geçen ýylyň oktýabr aýynda Ermenistanda Çeçen resmileri bilen baglanyşykly diýlip habar berlen biri bilen duşuşandan soň öli ýagdaýda tapyldy. Maşgalasy onuň jesedini alyp gitmekden ýüz öwürdi.
Aýşat Baýmuradowanyň mazary, Ýerewan şäheri, 27-nji mart. Ol geçen ýylyň oktýabr aýynda Ermenistanda Çeçen resmileri bilen baglanyşykly diýlip habar berlen biri bilen duşuşandan soň öli ýagdaýda tapyldy. Maşgalasy onuň jesedini alyp gitmekden ýüz öwürdi.

2022-nji ýylyň güýzünde Seda Süleýmanowa zor bilen gurnalan nikadan gaçmak üçin Çeçenistandan Sankt-Peterburg şäherine gaçdy. Onuň uly uýalary hem şeýle nikalara mejbur edilipdi. Emma 2023-nji ýylyň awgustynda ol zor bilen yzyna alnyp gidildi, şondan soň bolsa dereksiz ýitdi.

Oňa Çeçenistandan gaçmaga kömek eden hukuk topary onuň şol ýylyň noýabrynda öldürilip, dogduk obasy bolan Alhan-Ýurt obasynyň ýol gyrasynda “it ýaly” jaýlanandygyna ynanýar.

Aktiwistleriň aýtmagyna görä, şeýle ykbal seýrek ýagdaý däl. Uzak wagt bäri Kreml tarapyndan goldanylýan lider Ramzan Kadyrow döwründe giň ýaýran adam hukuk bozulmalary bilen tanalýan Çeçenistanda “jaýlanyş repressiýasy”, ýagny adam ölenden soň hem onuň abraýyny depelemek ýagdaýlary artdy.

Resmiler däp bolan jaýlanyş dessurlaryny inkär etmek arkaly, häkimiýete garşy çykanlary ýa-da ýokarydan mejbur edilýän berk jemgyýetçilik kadalaryndan çykýan adamlary ölüminden soň hem nyşana alýarlar. Çuňňur konserwatiw we esasan musulman ilatly bu sebitde maşgalasyndan gaçýan zenanlar hem-de LGBT adamlar iň uly howp astynda görünýär.

Seda Süleýmanowa Çeçenistandan gaçandan soň Sankt-Peterburg şäherinde ýaşady we barista bolup işledi. Emma ol ýerde hem howpsuz däldi.

Onuň dogany 2023-nji ýylyň fewralynda ony yzarlap tapdy. Onuň işleýän ýerindäki howpsuzlyk kameralarynyň ýazgylarynda doganynyň maşgalany “masgara edenligi” üçin oňa käýýäp, ýaşaýan salgysyny talap edýändigi görünýär.

Süleýmanowa şol wagt yzky gapydan gaçyp gutuldy, emma 2023-nji ýylyň awgustynda polisiýa onuň ýoldaşy Stanislaw Kudrýawtsew bilen bile ýaşaýan kwartirasyna geldi, ikisini hem tussag etdi we oňa Çeçenistanda şaý-sep ogurlygy boýunça güman edilýändigini aýtdy. Soňra Süleýmanowa Çeçenistana alnyp gidildi.

Kudrýawtsew onuň bilen durmuş gurmak umydy bilen yslamy kabul etdi, emma ony tapyp bilmedi.

2023-nji ýylyň sentýabrynda çeçen häkimiýetleri Süleýmanowanyň wideosyny ýaýratdy. Wideoda ol gorkuly we boýun egýän ýagdaýda sebitiň adam hukuklary boýunça wekili bilen görünýärdi. Wekil onuň maşgalasynyň ýanynda bolmagyna begenýändigini we hiç hili arzynyň ýokdugyny aýtdy. Ol wideoda geplemedi we onuň nirede ýerleşýändigi barada hiç hili maglumat berilmedi. Şondan soň ol köpçüligiň öňünde gaýtadan hiç haçan görünmedi.

Seda Suleýmanowa
Seda Suleýmanowa

“Men onuň hakykatdanam ölendigine doly ynanýaryn” diýip, Aleksandra Miroşnikowa 2025-nji ýylynda rus dillindäki 'Dožd' kanalyna aýtdy. Ol Çeçenistanda LGBT jemgyýetiniň agzalaryna we beýleki ejiz adamlara zorlukdan we sütemden gaçmaga kömek edýän SK SOS Crisis Group guramasynyň metbugat wekili. “Onuň henizem diri bolup biljek hiç hili ssenariýany görmeýärin”.

Beýleki ýagdaýlar hem bir nusgany görkezýär.

Aýdymçy Zelimhan Bakaýew 2017-nji ýylda aýal doganynyň toýy üçin Çeçenistanyň paýtagty Groznyý şäherine barandan soň dereksiz ýitdi. SK SOS Crisis Group guramasynyň maglumatyna görä, ol jynsy ugry sebäpli öldürildi we oňa adaty yslam jaýlanyş dessurlary berilmedi.

Gurama onuň maşgalasyna jesedi resmi dini dessurlarsyz jaýlamagy buýurlandygyny aýtdy. Şeýle hem ol öldürilmezinden öň gynalandygyny we jesediniň garyndaşlaryna berlendigini habar berdi.

Hukuk goraýjylaryň aýtmagyna görä, 23 ýaşly Aýşat Baýmuradowa ilki kakasynyň, soň bolsa zor bilen gurnalan nikadaky adamsynyň öý içindäki zorlugyndan gaçypdy. Soňra ol internetde çeçen häkimiýetlerini tankytlap başlady.

Ol geçen ýylyň oktýabrynda Ermenistanda kärendesine alnan otagynda Çeçen resmileri bilen baglanyşykly diýlip habar berlen biri bilen duşuşandan soň öli ýagdaýda tapyldy. Maşgalasy onuň jesedini almakdan ýüz öwürdi we ol Ermenistanda jaýlanmazdan öň bäş aýlap morgda galdy.

“Hatda ölüminden soň hem olar şol bir gözegçilige we ýazgarylmagyna sezewar bolýarlar” diýip, PeaceWomen Across the Globe guramasynda işleýän adam hukuklary işjeňi Fatima Gaziýewa aýtdy. “Olar mertebeden mahrum edilýärler.”

Ramzan Kadyrow döwründäki “geý arassalaýşy”

Lezbiýankalar, geý erkekler we beýleki LGBT adamlar Kadyrowyň döwründe käwagt ölüm bilen tamamlanýan diskriminasiýa, zulum we sütem bilen ýüzbe-ýüz boldular. Kadyrow 2007-nji ýylda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin tarapyndan Çeçenistanyň lideri wezipesine getirildi.

Aktiwistleriň aýtmagyna görä, takmynan on ýyl ozal sebit häkimiýetleri LGBT jemgyýetine garşy kampaniýany güýçlendirdi. Bu zorlukly we rehimsiz basyş soňra Çeçenistanyň “geý arassalaýşy” diýlip tanaldy.

2017-nji ýylda ABŞ-da ýerleşýän HBO kanalyna beren interwýusynda Ramzan Kadyrow LGBT adamlaryna garşy kampaniýanyň bardygyny inkär edip, Çeçenistanda geý adamlaryň ýokdugyny ýalandan öňe sürdi. Şeýle hem ol: “Ganymyzy arassalamak üçin, eger şeýle adamlar bar bolsa… olary äkidiň” diýdi.

Hukuk goraýjy toparlar zenanlara garşy örän çäklendiriji syýasatlaryň hem bardygyny aýdýarlar. 2025-nji ýylyň ahyrynda çeçen hökümeti özüniň “ahlak kampaniýasyny” güýçlendiren ýaly bolup göründi: zenanlaryň ýaglyksyz köpçülige çykmagyny we “erkeklere mahsus elementleri” bolan egin-eşikleri gadagan etdi.

Resmiler muny däp-dessurlary goramak diýip düşündirseler-de, tankytçylar bu çäreleriň esasan döwletiň gözegçiligini güýçlendirmek üçin edilýändigini aýdýarlar.

Öý içindäki zorlukdan gaçmaga synanyşan birnäçe zenan yzarlanyp tapyldy we zor bilen Çeçenistana yzyna getirildi. Käbir ýagdaýlarda bolsa olar dereksiz ýitdi ýa-da öli tapyldy.

Gorky we maşgalalar

Bilermenleriň aýtmagyna görä, döwlet adamlary olaryň jynsy şahsyýeti, syýasy garşylygy ýa-da başga sebäpler bilen nyşana alanda, maşgalalar köpçülikleýin jezadan gorkup, öz çagalaryny goramaga het edip bilmeýärler.

Indi bu repressiýa ölümden soň hem dowam edýär. Yslam däbine görä jaýlanyş düzgünleri, şol sanda jesedi ýuwmak we janaza namazy anyk kesgitlenendir. Emma aktiwistleriň aýtmagyna görä, döwlet bilen ýakyn baglanyşykly ýerli dini ýolbaşçylar “adaty däl” diýlip atlandyrylan adamlar üçin bu dessurlary ýerine ýetirmekden barha köp ýüz öwürýärler.

“Eger bu adamlaryň maşgalalary häkimiýetde bolsa, olar şol häkimiýeti zenanlary yzarlamak we jezalandyrmak üçin ulanýarlar” diýip, sürgündäki çeçen syýasy seljerijisi Ruslan Kutaýew aýtdy.

Seljeriji Ruslan Aýsin Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Kawkaz.reallary bölümine beren gürrüňinde dini ulgamyň adamlara kän bir kömek edip bilmeýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, Çeçenistanyň ýerli dini ýolbaşçylary “iki gatly gözegçilik” ulgamynda işleýär: müftilikler dindarlara gözegçilik edýär, syýasy we howpsuzlyk işgärleri bolsa müftiliklere gözegçilik edýär.

Ramzan Kadyrow we onuň ýakyn topary Çeçenistandaky adam hukuk bozulmalary hem-de Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan urşuna beren goldawy sebäpli Günbatar döwletleriniň giň gerimli sanksiýalary astynda galýar. Kadyrowa, onuň maşgalasyna we ýakyn hyzmatdaşlaryna garşy girizilen çäreleriň arasynda syýahat gadagançylygy we milliardlarça dollarlyk emläkleriň doňdurylmagy bar.

Kreml tankytçylarynyň aýtmagyna görä, Wladimir Putin 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargandan bäri iki weýrançylykly separatistik urşy we uzak hem ganly yslamçy gozgalaňy başdan geçiren sebitde durnuklylygy saklamak üçin Kadyrowa bil baglaýar. Şol sebäpli hem, hukuk toparlarynyň giň ýaýran zulumlar, zorluk we jezasyzlyk ýagdaýlary, şeýle-de federal kanunlaryň we Russiýanyň konstitusiýasynyň bozulmagy diýip häsiýetlendirýän ýagdaýlaryna göz ýumýar diýilýär.

Makala Stiw Gutterman hem goşant goşdy.
Bu maglumat şunuň bölegidir

Forum

XS
SM
MD
LG