Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Adalatçynyň hasabaty talaplaryň güýçlendirilmelidigini 'görkezýär'

Turkmenistanyň adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa. Arhiw suraty
Turkmenistanyň adalatçysy Ýazdursun Gurbannazarowa. Arhiw suraty

Türkmenistanyň adalatçysy ýakynda 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taýýarlan ýyllyk hasabatyny çap etdi we onda kollektiwleýin, ýagny toparlaýyn ýüz tutmalaryň artýandygy boýun alyndy, pagta ýygymyndaky mejbury zähmet, şol sanda çaga zähmeti agzaldy. Ýerli synçylar bu ýagdaýa türkmen häkimiýetlerine adam hukuklary boýunça edilýän halkara basyşyň we anyk netijeleri görkezmek baradaky çagyryşlaryň belli bir derejedäki netijesi hökmünde, umytly garaýarlar.

Bu hasabat sosial mediada ýurtda giň ýaýrandygy aýdylýan hukuk bozulmalary barada edilýän çykyşlaryň, wideo ýüzlenmeleriň köpelýän wagtynda çap edildi.

Azatlygyň habarçylary bilen anonimlik şertinde gürleşen ýuristler, ykdysatçylar we syýasy synçylar türkmen häkimiýetleriniň halkara kanunçylygyna köp halatda gabat gelýän ýerli kanunlary, kagyz ýüzünde bardygyny tassyklamak bilen, “galkan” hökmünde ulanýandyklaryny, olaryň hakykatda nähili işleýändigini aýtmaýandyklaryny öňe sürýärler.


Aşgabatly ýuristiň pikiriçe, bu "galkany" aýyrtmagyň ýeke-täk ýoly - şol kanunçylygyň iş ýüzünde işleýşini anyk netijeler we deliller esasynda görkezmegi talap etmek bolup durýar.

Kazyýet işleri baradaky aýdyňlygy köpeltmeli

“Mysal üçin, administratiw we jenaýat işleri boýunça sud önümçiliginiň netijelerini Kazyýetiň internet sahypasynda, 6 aý ýa-da 1 ýylyň dowamynda, açyk görnüşde wideo ýazgysy bilen köpçülige ýetirmeli ýa-da çykarylýan hökümleri, raýatlaryň şahsy maglumatlaryny goragly saklamak şerti bilen, çap etmeli” diýip, ýurist aýtdy.

Onuň pikiriçe, ýurduň hukuk goraýjy, sud edaralarynyň işinde anyk, hakyky hukuk döwletiniň berip bilýän aç-açanlygy ýola goýulmaly, çykarylan hökümlerden nägile bolýan adamlaryň sosial mediadaky ýüzlenmelerine kanagatlanarly, anyk jogap berilmeli.

Ykdysady synçynyň pikiriçe, ýurtdaky ykdysady we zähmet hukuklaryň iş ýüzünde berjaý edilmegi üçin halkara guramalarynyň, şol sanda halkara walýuta we maliýe gaznalarynyň türkmen häkimiýetlerinden anyk netijeleri we görkezijileri talap etmegi zerur. Eger-de şol netijeler halkara ekspertleri tarapyndan garaşsyz barlansa, garaşsyz žurnalistlere anyk maglumat almak mümkinçiligi döredilse, soňky onýyllyklarda dörän iş, zähmet, gazanç ýagdaýy baradaky meselelere göz ýummak kyn bolar.

"Mejbury zähmet bilen göreşmegiň ilkinji we netijeli ýoly ýurdy halkara derejesindäki hünärmenlere açmakdan, degişli ekspertleriň ýurda gelip, hakyky ýagdaýy görüp bilmeginden başlanýar” diýip, ykdysatçy aýtdy.

Onuň pikiriçe, eger mejbury zähmet ýok bolsa, döwlet býujet işgärlerine we jemgyýetçilige mejbury pagta ýygymynyň hakykatdan hem ýokdugyny anyk we aç-açan aýtmaly, bu hili mejburlyga duçar bolýan adamlara, öz hukuklaryny gorar ýaly, metbugatda we ýerli hukuk goraýjy edaralarda ynam telefonlaryny we açyk tribuna döretmeli.

Maliýe meselelerindäki ýapyklyk ilata 'gymmat düşýär'

Şeýle-de, ykdysatçy walýuta we maliýe meselelerindäki ýapyklygyň, uzak wagt bäri dowam edýän ‘gara bazar’ meselesiniň ýönekeý adamlara ‘gaty gymmat düşýändigini’ belledi.

“Degişli halkara guramalary ýurtda walýutanyň erkin satuwynyň bardygyny anyk hereketler bilen görkezmegi, ýok bolsa, ilata walýutany satyn almagyň nähili mümkinçilikleriniň bardygyny aç-açan we anyk düşündirmegi talap etmeli" diýip, ykdysatçy aýtdy.

Ýerli syýasy synçynyň pikiriçe, türkmen häkimiýetleriniň howaýy gürrüňden anyk herekete geçmegine diňe halkara derejesinde edilýän berk basyş, anyk iş talaplary täsir edip biler.

"Türkmen režimi diňe berk syýasy we ykdysady dile düşünýär” diýip, syýasy synçy aýtdy.


“Aşgabadyň öňünde berk talaplar goýulmaly: ‘Ýewropa uçaryňy uçurjakmy - ýurt içinde internetiň we walýutanyň elýeterliligini üpjün et, Ýewropa awia kompaniýalary üçin ýurduň aeroportlaryny aç. Ýewropadan we halkara walýuta gaznalaryndan maliýe serişdelerini, maýa goýumlaryny aljakmy - ýurt içinde aç-açan ykdysady statistikany görkez, maýadarlar üçin ýollary aç, wizany ýeňilleşdir, walýutanyň we internetiň üpjünçiligini kepillendir, ykdysady we jenaýat sudlaryň işini aç-açan ýola goý’ diýmeli” diýip, synçy belledi.

Şeýle-de, syýasy synçy Aşgabadyň bir tarapdan Ýewropada we günbatarda öz syýasy propagandasyny ýaýbaňlandyrmaga çalyşýandygyny, şol bir wagtda-da günbatar neşirleriniň žurnalistlerine ýurt içinde erkin işlemek rugsadyny bermeýändigini aýdýar.

Mundan başga, syýasy synçy birinji maşgalanyň we oňa ýakyn emeldarlaryň çagalarynyň Günbatarda islän ýerinde okap, islän ýerinde ýaşaýan wagtynda adaty raýatlaryň bu meselede çekýän kynçylyklarynyň soňunyň görünmeýändigini belledi.

“Birinjiden, adaty raýatlaryň biometrik pasportlaryny konsullyk edaralarynda resmileşdirip bermeli, kanuny migrasiýa boýunça anyk şertnamalary baglaşmaly” diýip, synçy aýtdy.

Halkara guramalary Aşgabatdan anyk iş 'soramaly'

Onuň pikiriçe, halkara gurmalary türkmen režimine gerek ýa-da gyzykly bolan islendik meseläni diňe türkmen häkimiýetleriniň real we anyk reformalarynyň deregine çözmegiň mümkindigini aç-açan aýtmaly.

“Bu meselede, Hytaýyň täsirini hem göz öňünde tutup, türkmen häkimiýetlerinden Hytaý bilen gatnaşyklarda hem, hytaý maýadarlary, hytaý proýektleri boýunça açyklygy, ykdysady aç-açanlygy talap etmek zerur" diýip, syýasy synçy belledi.


Azatlyk radiosynyň habarçylary Türkmenistanyň adalatçysy, bu guramanyň hünärmenleri bilen habarlaşyp, ýurtda adam hukuklarynyň bozulmagyndan şikaýat edýän adamlaryň ýüzlenmeleri barada resmi düşündiriş alyp bilmeýärler.

Täze hasabatda bellenmegine görä, Ýazdurdun Gurbannazarowa pagta ýygymyndaky mejbury zähmet we çaga zähmeti boýunça ýurduň Baş prokuraturasyna, IIM-e, Bilim ministrligine ‘teklip’ iberipdir.

Adalatçynyň mäglumatyna görä, geçen ýyl birinji synpa baran okuwçylaryň sany 10% az boldy. Synçylar bu ýagdaýy ýurtda çaga dugulmagynyň azalmagy, şol sanda, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidýänleriň köpelmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG