Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýogalan MHM işgäriniň aýaly ýurtda 'adalat ýok' diýýär

Aşgabat. Milli howpsuzlyk institynyň binasy.
Aşgabat. Milli howpsuzlyk institynyň binasy.

Milli howpsuzlyk ministrliginiň öňki işgäriniň aýaly “Türkmenistanda adalat ýok” diýýär. Ol Ahaldaky habarçymyz bilen duşuşyp, öz düşen agyr ýagdaýyny gürrüň berdi we ýurtdaky jaý, iş meseleleriniň örän çylşyrymly bolmagynda galýandygyny öňe sürdi. Emma Azatlyk onuň aýdýan zatlaryny resmi ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.

Özüni Milli howpsuzlyk ministrliginiň ozalky işgäriniň aýaly diýip tanadan ene, ýanýoldaşy ýol hadysasynda ýogalanyndan soň, wezipeli işgärler bilen ýönekeý raýatlaryň durmuş, ýaşaýyş şertleriniň, şol sanda jaý edinmek mümkinçiliginiň arasyndaky uly tapawuda öz maşgalasynyň mysalynda göz ýetirendigini boýun aldy.

Adynyň aýdylmazlygyny soran ene Ahalda sebit häkimligine jaý ýa-da mellek ýerini sorap barýan adamlaryň kändigini, emma olaryň möhüminiň köplenç bitirilmeýändigini hem öňe sürdi.

“Adamym diri wagtynda baran gapymyz açykdy"

“Meniň adamym MHM-de işlän döwründe biz dürli welaýatlarda ýaşap, haýsy welaýata barsak, wagtlaýyn jaý bilen üpjün edildik. Adamymyň bile işleýän ýoldaşlarynyň käbiri kireýine alnan jaýlarda ýaşaýardy. Olaryň arasynda jaý satyn almagy başaranlar hem boldy” diýip, üç çaganyň ejesi öz ýanýoldaşynyň ‘doly we dogry, wepaly gulluk etmeli’ diýip, öz sözleri bilen aýtsak, MHM edaralarynda janyny aýaman zähmet çekendigini gürrüň berdi.


“Adamym diri wagtynda her baran gapymyz biz üçin açykdy, her baran welaýatymyzda jaý bilen üpjün etdiler. Hatda meni – onuň aýalyny hem hiç bir para-peşgeşsiz işe kabul etdiler. Biz hemişe şeýle bolar öýdýärdik” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Emma bu beýle bolmaýar. Ýoldaşy ýogalan enäniň ýaşap oturan jaýy sebite gelen täze işgäriň maşgalasyna berilýär.

Jaýsyz galan ene öz düşen ýagdaýyny adamsynyň işlän ýyllarynda diňe kanun esasynda, düzüw işläp, ‘duşman gazanmagy’ bilen baglanyşdyrýar.

“Men gaty kän aýdardym, ‘duşman gazanma, dost gazan’ diýerdim. Emma ýoldaşym öz işini juda halap, ‘her baran ýerimiz biz üçin zelýonnyý, elmydama biz üçin ýaşyl reňk [ýanar], basym jaý alarys’ diýip, öz işine guwanyp işlärdi...”

Söhbetdeşimiz diňe jaýyndan däl, mekdepdäki işinden hem çykarylandygyny aýtdy.

“Men orta mekdepde mugallym bolup işleýärdim, meni işden hiç zat düşündirmezden, bahana tapyp çykardylar. Orta mekdebiň müdiri ozal meniň ýüzüme gülüp bakardy, adamym ýogalanyndan soň onuň ýüzündäki gülküden hiç zat galmady” diýip, jaýsyz, işsiz galan ene ozal hemişelik ýazgyda duran ýerine, Ahal welaýatyna gaýtmaly bolandygyny hem sözüne goşdy.

Öňki 'dostlar' bizden ýüz öwürdi

“Men ýoldaşymyň öňki işdeşlerine ýalbaryp, aglap ýüz tutdum, ýetim galan çagalarym bilen ýaşaýyş jaýyny almaga kömek etmeklerini soradym, emme hiç bir peýda bolmady. Adamym işläp ýören mahaly biz bilen gatnaşyp, maşgala dostlugyny açan işdeşleri hem bizden ýüz sowdular.”

Ene adamsynyň ölümi hakynda şahadatnama alyp, çagalaryny atasyz ýetim hökmünde hasaba aldyryp, "her baran ýerinde para, pul berip, resminama baryny düzedip", çagalarynyň we özüniň ýaşara ýeriniň ýokdugyny aýdyp, häkimlige, döwlet ýaşaýyş jaý gaznasyna degişli bölüme ýüz tutýar.

“Ilki başda, ara wagt salmak üçin, ‘bolýar, ýakyn günlerde serederis’ diýdiler. Häzir bolsa, ‘dogan-garyndaşlaryňyz bar, hemişelik propiskada duran jaýyňyzda ýaşaň, size jaý berip bilemizok’ diýýärler. “Bar, git-de, çagalaryň wagtlaýyn ýaşan ýerinde orta mekdepde okandygy, çagalar bagyna gatnandygy barada gerekli bolan dokumentleri jemläp, şol wagtlaýyn ýaşan ýeriň häkimligine ýüz tut’ diýip maslahat berýärler.”

Emma ene Lebap welaýatyna gidip, häkimlige ýagdaýyny düşündirjek bolsa, ony gapydan hem salmaýarlar.

“Şu güne çenli gatnaşyp, ‘çörek paýlaşdym’ diýen tanyşlarymyň ählisi bizden ýüz öwürdi. Garyndaşlarymyza ýüz tutsak, ‘sizde wezipe barka siz bize näme kömek berdiňiz?’ diýip, olaram arkamyzda durmajakdygyny aýtdy.”


Ahally enäniň ozal hemişelik propiskada, resmi ýazgyda duran jaýy 3 otagly kwartira bolup, onuň içinde häzir, aýdylmagyna görä, 12 adam ýaşaýar.

“Biz nädip ol ýerde ýaşamaly?” diýip, ene häzir çagalary bilen kireýine alan jaýynda ýaşaýandygyny, ýöne iş tapmasa, bu ýagdaýda hem näçe saklanyp biljeginiň belli däldigini aýtdy.

‘Häzir pol süpüriji edibem alyp bilemizok’ diýýärler

“Mekdeplere baryp, mugallymçylyk işini sorasam, ‘häzir pol süpüriji edibem alyp bilemizok, ýer ýok’ diýýärler. Mundan öň özleri ‘gel, bizde size bolar ýaly iş bar’ diýip çagyrardylar. Emma indi çagalarymy mekdebe ýerleşdirmek hem görgi boldy” diýip, ene adamsynyň öňki işlän ýeri sebäpli özünden para almaga hem gorkýandyklaryny öňe sürdi.

“Her baran gapymda ‘ýer ýok’ diýen jogaby alýaryn. Çagany çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin 200-300 ABŞ dollary soralýar. Öňler biz üçin ähli zat mugtdy” diýip, ýogalan howpsuzlyk işgäriniň aýaly aýtdy.

Türkmenistan ýurtda jaý, iş üpjünçiligi bilen bagly anyk sanlary çap etmeýär, giň ýaýrandygy aýdylýan korrupsiýa, şol sanda ýol hadysalarynda heläk bolýan adamlar, ýetim galýan çagalar baradaky maglumatlary hem ýaşyrynlykda saklaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG