Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjana bardy

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow

15-nji oktýabrda Bakuwda Aziýada özara gatnaşyklar we ynamy berkitmek çäreleri boýunça geňeşiň (AÖYBGÇ) 7-nji sammiti geçirilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Azerbaýjanyň wise-premýeri Şahin Mustafayew we beýleki resmiler tarapyndan garşy alyndy.

Ýatladyp geçsek, bir gün öň Baku şäherine Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew barypdy.

Sammite AÖYBGÇ-ä agza bolan 28 ýurduň we çagyrylan döwletleriň liderleri hem-de ýokary derejeli wekilleri gatnaşýar. Gatnaşyjylaryň arasynda Hytaýyň daşary işler ministri Wan I hem bar.

Duşuşygyň gün tertibinde ynamy berkitmek çärelerini güýçlendirmek, sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, Ýewraziýa giňişliginde täze kynçylyklara we howplara garşy göreşmek meseleleri görkezilýär. Şeýle hem taraplar ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek, durnukly ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak, kiçi we orta telekeçiligi goldamak hem-de maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.

Forum

​
XS
SM
MD
LG