Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen lideri Owganystanyň prezidenti bilen duşuşdy


Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedow ýeşenbe güni Tähranda Nowruz baýramçylygyna gelen owgan prezidenti Hamid Karzaý bilen duşuşdy.

TDH owgan prezidentiniň türkmen kärdeşine Türkmensitanyň Owganystana edýän kömekleri üçin minnetdarlyk bildirendigini habar berýär.

Duşuşyk mahalynda prezidentler türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny giňeltmek, hususan-da TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz proýektini durmuşa geçirmek boýunça edilmeli anyk işler barada gürrüň edipdirler.

Prezident Berdimuhmedow Tähranda Nowruz baýramçylygyna gatnaşmaga gelen täjik prezidenti Emomali Rahmon bilen hem duşuşyp, türkmen-täjik gatnaşyklary barada maslahat etdi diýlip, habar berilýär.
XS
SM
MD
LG