Türkmenistanda futbol boýunça ýokary ligadaky komandalaryň arasynda 19-njy milli çempionat başlandy. Bu çempionatda futbol komandalarynyň 10-sy güýç synanyşarlar.
Geçen ýyldaky çempionatdan tapawutlylykda, komandalar biri-birleri bilen iki aýlawda däl-de, eýsem dört aýlawda duşuşarlar.
Çempionata gatnaşýan komandalar şulardan ybarat: “Altyn asyr”, HTTU (Halkara türkmen-türk uniwersiteti), “Aşgabat”, “Nebitçi”, “Balkan”, “Şagadam”, “Merw”, “Daşoguz”, “Lebap” we “Ahal”.
Ilkinji duşuşyklarda “Altyn Asyr” komandasy “Daşoguz” toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.
“Nebitçi” bilen “Balkan” toparlarynyň duşuşy 1:0 hasabynda “Nebitçiniň” üstünligi bilen gutardy.
Şeýle-de “Lebap” komandasy “Ahal” toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy.
“Aşgbat” bilen HTTU toparlarynyň duşuşygynda bolsa HTTU garşydaşyny 1:0 hasaby bilen ýeňdi.
“Merw” bilen “Şagadam” komandalary bolsa deňme-deň oýnadylar.
Güýz möwsüminde tamamlanjak çempionatyň jemleri boýunça Türkmenistanyň iň gowy futbol topary 2012-nji ýyldaky AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanar.