Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýemende bolan täze gozgalaňda üç adamyň ölendigi aýdylýar


Sişenbe güni Ýemende prezident Ali Abdullah Salehiň tarapdarlary bilen hökümete garşy protestçileriň arasynda çaknyşyk boldy.

Paýtagt Sanaada, Salehiň tiredeşleri protestçileriň tarapyny tutýan goşun bölümleriniň eýelän kazarmalaryna gelenden soň azyndan 3 adamyň öldürilendigi, 15 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Hökümete garşy protestçileriň hem şol kazarmalaryň töweregine toplanandygy habar berilýär.

Şolaralykda tüpeň hem atylypdyr, ýöne tüpeňi ilki kimiň atandygy belli däl.
XS
SM
MD
LG