Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan resmisi arap gozgalaňlarynyň Eýrana täsir etjegini aýdýar


ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýokary derejli resmisi Azatlyk Radiosyna Orta Gündogardaky gozgalaňlaryň 2009-njy ýylda köpçülikleýin anti-hökümet protestlerini başdan geçiren Eýran yslam respublikasyna hem täsir ýetirjegini aýtdy.

Döwlet departamentiniň demokratiýa, adam hukuklary we zähmet boýunça kömekçi sekretary Maýkl Pozner Eýranyň häzirki wagtda hiç bir reforma etmezden ýa-da öz aktiwistlerini basyp ýatyrmakdan «rahat tapyp», «özboluşly bir gamgyn bir pursaty» başdan geçirýändigini aýtdy.

Pozner ýaş eýranlylaryň arasyndaky nägileligiň we lapykeçligiň gaty uludygyny hem sözüniň üstüne goşdy.
XS
SM
MD
LG