Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Naryman Jumaýew — ussat kyssaçy


Okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanan "Ak maýanyň ýoluny" soňra Naryman Jumaýew tutuşlygyna "Jeýhun" romanyna girizýär. Kitap rus dilinde-de çap edildi.
Ýazyjynyň terjimehalyndan:
1925-nji ýylyň 17-nji iýunynda Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň (häzirki Garaşsyzlyk) Boýnuzyn obasynda doglan. 7-8 ýaşlarynda ýakyn hossarlaryndan jyda düşüp, Halaçdaky çagalar öýünde terbiýelenýär. Mekdebi tamamlap, Kerkidäki peduçilişşä okuwa girýär. Bu okuw jaýyny Beýik Watançylyk urşynyň başlanmagynyň öň ýanynda tamamlaýar. 1941-nji ýyldan 1943-nji ýylyň ýanwaryna çenli Halajyň Gyzylaýak obasyndaky mekdepde mugallymçylyk edýär.

1943-nji ýyldan başlap, Beýik Watançylyk urşuna eli ýaragly gatnaşýar. Uruşdan ýeňişli dolanyp gelip, ýene-de Gyzylaýak obasynda — "Täze ýol" kolhozyndaky mekdepde işleýär. 1950-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini çaltlandyrylan (ekstrennyý) görnüşde okap tamamlaýar. Şondan soň Türkmendöwlet neşirýatynda redaktor, uly redaktor wezipelerinde zähmet çekýär.

1959-njy ýylda edebiýat baradaky düşünjelerini has-da giňeltmek maksady bilen Moskwadaky ýokary edebiýat kursuna girýär. Ony gutaryp gelenden soň, Aşgabat telewideniýesinde redaktor, "Sowet edebiýaty" (häzirki "Garagum") žurnalynda tankyt bölüminiň müdiri bolup işleýär.

Naryman Jumaýewiň ady agzalanda köpleriň aňyna ilki bilen onuň "Ýuwaş gelin" powestiniň düşmegi tebigydyr. Sebäbi bu eser esasynda döredilen ajaýyp film onlarça ýyl bäri ekranlardan düşmän gelýär. Şeýle hem bu powest rus, ukrain, belorus, latyş, gazak, täjik, iňlis, nemes, ispan, polýak we dünýäniň beýleki dillerine terjime edildi. Filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Jora Allakow "Ýuwaş gelniň" üstünligini "Türkmen zenanlarynyň özboluşly, belent adamkärçilikli gylyk-häsiýetleri bilen tanyş bolmak islegi bu powestiň başga dillere geçirilmegine sebäp boldy" diýip teswirleýär.

Ýöne ýazyjynyň ähli döredijiligini şu poweste baglap goýmak, oňa bijebaşy etjek bolmak dogry däldir. Hakykatyň hatyrasyna edebi tankydyň "Ýuwaş gelni" öwgüli, haýran galmak bilen garşylamandygyny, tersine Saýlaw Myradow ýaly belli tankytçylaryň onuň köpsanly kemçiliklerini açyp görkezendigini, adybir filmiň ssenariýasynyň eserden esli tapawutlanyp, has şowly çykandygyny aýtmak gerek. Onsoňam ussat kyssaçynyň galamyndan kämil çeper eserleriň başga-da onlarçasynyň çykandygyny unutmak bolmaz.

"Ak maýanyň ýoly"

Eýsem, "Ak maýanyň ýoly" powesti okyjylaryň öz wagtynda şüwlümli okan eserleriniň biri dälmi näme? Jora Allakowyň şaýatlyk etmegine görä, Aman Kekilow Lebapdaky mugallymçylyk institutynda kafedra müdiri bolup işleýärkä "Sowet edebiýaty" žurnalynda çap edilen bu powesti okap çykmagy kärdeşlerine maslahat beripdir. Şonda meşhur alym, şahyr eseriň wakalarynyň juda dartgynlydygyny, özüne çekijidigini, gyzyklydygyny, okap gutarýançaň elden düşürip bolmaýandygyny nygtapdyr.

Okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanan "Ak maýanyň ýoluny" soňra awtor tutuşlygyna "Jeýhun" romanyna girizýär. Muny tankytçylar romanyň çeperçiligine zeper ýetirýän tär hasaplapdylar.

Naryman Jumaýew Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, urşuň nägehanlygyny gözi bilen görýär, kynçylyklaryny, hupbatlaryny öz gerdeninde çekýär. Şonuň üçün-de ýazyjy uruş temasyna tutanýerli çemeleşip, "Ýeňiş hekaýaty" (1964), "Uruş ody" (1965) kitaplaryny çap etdirýär, "Aýdogdy Tahyrow" (1979) romanyny döredýär. Bu temadan döreden eserlerinde-de ýazyjynyň öz ýüzüniň, öz döredijilik tärleriniň aýyl-saýyl görünýändigini synçylar belleýärler.

Onuň çagalar üçin ýazan "Syrly gala" powestiniň ulular tarapyndanam gyzyklanyp okalandygy bellidir. "Kyýas" (1960), "Pagtabent" (1971), "Ussatlyk mekdebi" ýaly powestlerinde hem ýazyjy "Ýuwaş gelindäki" ýaly ýaşlaryň durmuşyny, iş aladalaryny, olaryň ahlak sypatlaryny suratlandyrýar.

Kyssaçy hekaýa žanryna-da uly üns beripdir. Şonda ol Anton Çehowdan görelde alypdyr. Onuň ilkinji hekaýalary studentlik ýyllarynda ýazylýar. Ýazyjynyň "Tämiz ýürek" (1952), "Agtaran tapar" (1953), "Mertlik" (1955) we beýleki nowellalary olar hakyndaky synlarda bellenilişi ýaly, awtoryň durmuşa synçylygyny, durmuşyň köp taraplaryny suratlandyrmaga ýykgyn edýändigini alamatlandyrdy.

Ýeri gelende aýtsak, Naryman Jumaýewiň çeper eserler döretmek höwesini çeper terjimeçilik işi oýarýar. Ol L.Tolstoýyň 14, M.Gorkiniň 16, A.Çehowyň 3 tomluk eserlerini terjime etmäge, redaktirlemäge işjeň gatnaşýar. Hususan-da M.Gorkiniň eserleriniň 3-nji tomuny ol ökdelik bilen türkmen diline geçirýär.

Tirkelen ady - ýazyjy

Naryman Jumaýew döwlet sylaglary, hormatly atlar bilen läliksiredilen ýazyjy däl. Onuň adyna ýazyjy isminden başga tirkelen at hem ýok. Onuň "Ak maýanyň ýoly" (1957), "Pagtabent"(1967), "Ussatlyk mekdebi" (1977) powestleri iň gowy çeper eserlere yglan edilen konkurslarda ýörite baýraklara mynasyp bolupdy. (Şol konkurslaryň ýapyk geçirilýändigi üçin awtoryň adynyň öňünden belli bolmaýandygam ýazyjynyň haýryna bolandyr diýip çaklaýaryn.Ýene bir täsin zat: baýraklaryň her biriniň arasynyň göni 10 ýyla deňligi — A.B.) "Ýuwaş gelin" powesti bolsa 1963-nji ýylyň iň gowy proza eseri hökmünde "Družba narodow" žurnalynyň ýyllyk baýragy bilen bellenipdi.

Elbetde, Naryman Jumaýew Türkmenistanyň halk ýazyjysy diýen ada dirikä-de, häzirem mynasyp. "Ylham" seýilgähinde onuň heýkeliniň goýulmagy türkmen edebiýatyny ösdürmäge goşan goşandynyň ykrar edilmegi bolardy. Arman, resmiler onuň doglan gününiň 85 ýyllygynyň yz ýany uly dabara bilen açylan seýilgähde oňa orun bermegi zerur hasaplamadylar.

Ýazyjynyň "Uruş ody", "Syrly gala", "Ýuwaş gelin", "Ak maýanyň ýoly", "Pagtabent", "Jeýhun", "Welaýat" ýaly kitaplary Aşgabatda we Moskwada rus dilinde neşir edildi.

Meniň diplom ýolbaşçym, hormatly mugallymymyz Jora Allakowyň berýän maglumatlaryna görä, Naryman Jumaýew ömrüniň ahyrky ýyllarynda taryhy temany işlemeklige ymykly girişipdir. Onuň şahsy arhiwinde entek doly tamamlanmadyk iki sany göwrümli romany bar. Olaryň biri "Parfiýa" atlandyrylypdyr. Ýazyjy onuň "Çarhypelek" atly birinji kitabyny ýazyp gutarypdyr. Romanyň ikinji kitabynyň bolsa jikme-jik planyny düzmäge ýetişipdir. Bu eserden bölekler "Garagum" žurnalynda çap edildi.

Kyssaçynyň beýleki bir tamamlanmadyk romany "Ýeňliş" diýlip atlandyrylýar. Bu eser 17 bapdan hem epilogdan ybarat bolmaly eken. J.Allakowyň habar bermegine görä, ýazyjy seljuklar döwrüne bagyşlanan bu romanyň her babynyň süňňüni belläpdir. Arman, biwagt gelen ajal oňa bu niýet-maksadyny amala aşyrmaga, eseri ýazyp gutarmaga mümkinçilik bermändir. Ýazyjy 59 ýaşynda aradan çykýar.

Şahyr Bahargül Kerimowa Naryman aganyň: "Jesedimi Ýazyjylar birleşmesiniň jaýynyň içinden geçiriň. Şonda meniň ähli ýazyjy kärdeşlerim bilen baky hoşlaşdygym bolar" diýip wesýet edendigini, onuň bu haýyşynyň ýerine ýetirilip, soňky ýoluna şol ýerden ugradylandygyny tolgunmak bilen ýatlaýar.

Ussat kyssaçy Naryman Jumaýew hakynda ýazylan makalalardan, esselerden alnan setirler:

"Türkmen edebiýatynyň uly ýazyjylarynyň biri Naryman Jumaýewiň döredijilik şahsyýeti-de öwrenilmäge mynasypdyr. Onda ýaşlara, ýaş ýazyjylara nusga bolar ýaly pursatlar az däl... Naryman Jumaýew biçak medeniýetli, mylakatly, az gürläp, köp diňlemegi halaýan adamdy. Emma edebiýat we sungat meseleleri hakda söz açylanda weli, oturyp bilmeýärdi. Özem onuň her mesele, her problema barada öz garaýşy, çuň delillendirilen ýörelgesi bardy. Onuň gep-sözünden edebi gözýetiminiň juda giňligi, durmuş tejribesiniň baýlygy duýlup durdy."

Jora Allakow, "Edebiýat we sungat" 22.05.2009 ý.

"N.Jumaýew özüniň köpsanly hekaýalary, publisistik makalalary, powestleri, romanlary bilen okyjylaryň çuňňur söýgüsine mynasyp bolan ýazyjydyr... Döwrüň iň bir möhüm meselelerini aýny wagtynda duýup, gozgap we olaryň hakyky realistik çözgütlerini orta atyp, N.Jumaýew zamana bilen aýakdaş gidip bilýändigini subut etdi. N.Jumaýewiň döredijiligini başga bir ýazyjynyň döredijiligi bilen garyşdyrjak gümanyň ýok."

Türkmen edebiýatynyň taryhy, Aşgabat, "Ylym", 1982-nji ýyl, 6-njy tom, 1-nji kitap, 265 sah.

Aşyrguly Baýryýew aşgabatly žurnalist, "Edebiýat we Sungat" gazetiniň öňki baş redaktory.
XS
SM
MD
LG