Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen Döwlet migrasiýa gullugy 8 ýaşady


Ýekşenbe güni Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärlerini bu gullugyň döredilmeginiň 8 ýyllygy bilen gutlap, olara gutlag ýüzlenmesi bilen ýüzlendi.

Öz gutlagynda G.Berdimuhamedow «galkynyş we beýik özgertmeler» zamanynyň ýurduň harby we kanun goraýjy organlarynyň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegini talap edýändigini nygtapdyr.

Ynsan hukuklaryny goraýjy käbir guramalar we aktiwistler raýatlaryň daşary ýurtlara çykmak mümkinçiliklerini çäklendirmekde we gara sanaw düzgünini ulanmakda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň häkimiýetleriň elindäki möhüm gurala öwrülendigini aýdyp, bu ýagdaýy tankyt edýärler.
XS
SM
MD
LG