Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Owganystandaky partlamada üç polisiýa işgäri öldi


Owganystanyň gündogarynda amala aşyrylan partlamada üç polisiýa işgäri öldi, başga-da alty adam ýaralandy. Bu barada ýurduň resmileri habar berýär.

Nangarhar welaýatynyň Jalalabad şäherinde amala aşyrylan bu partlamanyň jogapkärçiligini “Taliban” öz üstüne aldy.

Welaýat häkiminiň metbugat wekili Ahmad Zia Abdulzainiň aýtmagyna görä, partlaýjy serişde polisiýa işgärlerini daşaýan mini-awtobusda ýerleşdirlipdir.

Söweşijiler ýurduň howpsuzlyk güýçlerine garşy barha köp hüjümleri amala aşyrýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG