WAŞINGTON — ABŞ-nyň resmileri amerikan güýçleriniň 2-nji noýabrda Eýranyň strategik ähmiýetli Keşm adasyna zarba urandygyny tassykladylar. Bu prezident Donald Trampyň giň gerimli söweşleriň täzeden başlanmak ähtimallygyny pes görkezýän mahaly hem Eýrana garşy dowam etdirilen we ozal köpçülige aýan edilmedik harby operasiýalar tapgyrynyň nobatdaky zarbasy boldy.
Zarbalar 3-nji noýabrda ABŞ-da geçiriljek Kongrese aralyk saýlawlara sanlyja sagat galanda we Trampyň açyk beýanatlarynyň äheňiniň üýtgemeginiň yzysüre uruldy.
Prezident hepdeläp Waşingtonyň saýlawlardan soň Tährana garşy giň gerimli harby operasiýany täzeden başlap biljekdigini duýduryp gelensoň, duşenbe güni dessine hüjüm etmek ähtimallygyny aradan aýyrdy we diplomatiýada möhüm öňegidişligiň mümkinligine ünsi çekdi. Aralyk saýlawlardan soň Eýrana zarba urmagy göz öňünde tutýandygy barada soralanda, Tramp žurnalistlere: "Ýok" diýip jogap berdi.
Emma administrasiýanyň resmileri "The Wall Street Journal" (WSJ) gazetine prezidentiň mümkin bolan ädimleri heniz seljerýändigini aýtdylar. Bu onuň köpçülige berýän ynandyrmalary bilen gizlin dowam edýän harby operasiýalaryň arasyndaky tapawudy görkezýär.
ABŞ-nyň resmilerine salgylanýan WSJ-niň maglumatyna görä, soňky hüjüm soňky hepdelerde gizlin geçirilen çäkli amerikan zarbalarynyň bir bölegi boldy. Resmileriň käbiri bu operasiýalaryň goranyş häsiýetlidigini we Eýranyň Ormuz bogazyndaky söwda gämilerine howp salmak mümkinçiligini gowşatmagy maksat edinýändigini aýtdylar.
ABŞ-nyň bir resmisi WSJ gazetine administrasiýanyň giň gerimli söweş hereketlerini täzeden başlatmak niýetiniň bardygy baradaky düşünjäni döretmezlik üçin bu harby hereketleri bilkastlaýyn köpçülige aýan etmändigini aýtdy.
Eýranyň döwlet habar agentligi IRNA 2-nji noýabrda Keşm adasynda partlamalaryň bolandygyny habar berdi.
Pentagon soraglary ABŞ-nyň Merkezi serkerdeligine gönükdirdi. Serkerdelik Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň teswir bermek baradaky haýyşyna dessine jogap bermedi.
ABŞ-nyň bir resmisi administrasiýanyň sebitdäki amerikan güýçlerine abanýan howplara yzygiderli garşy durýandygyny aýtdy.
ABŞ-nyň ýokary derejeli resmileri soňra Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna amerikan güýçleriniň Eýranyň Keşm adasyna çäkli zarbalary urandygyny tassykladylar. Olar operasiýany goranyş häsiýetli we ABŞ-nyň sebitdäki serişdelerini goramaga gönükdirilen diýip häsiýetlendirdiler.
Resmileriň aýtmagyna görä, zarbalar Eýran tarapyndan amerikan uçaryna ot açylmagyna jogap hökmünde uruldy.
Bogazyň merkezindäki strategik ada
Keşm energiýa serişdeleriniň daşalmagy üçin dünýäniň iň möhüm deňiz ýollarynyň biri bolan Ormuz bogazynyň girelgesinde ýerleşýär.
"The Wall Street Journal" gazetiniň maglumatyna görä, adada iri ýerasty raketa desgasy, harby-deňiz binýady we duzly suwy süýjedýän uly zawod bar. Ada öňki söweşlerde hem amerikan güýçleriniň nyşanasyna alnypdy. ABŞ-nyň resmileri ony eýelemek mümkinçiligini hem ara alyp maslahatlaşypdylar.
"Ýadroly Eýrana garşy birleşenler" (United Against Nuclear Iran) atly bähbit aramaýan guramanyň syýasat boýunça direktory Jeýson Brodski Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna soňky zarbalaryň Tährany syýasy hasaplamalaryny üýtgetmäge mejbur etmekden has köp, onuň gämileriň gatnawyna päsgel bermek mümkinçiligini gowşatmaga gönükdirilendigini aýtdy.
"ABŞ Eýranyň Ormuz bogazyna howp salmak mümkinçiligini gowşatmagy maksat edinýär" diýip, Brodski aýtdy.
"Bu hökman Eýranyň karar kabul etmekdäki hasaplamalaryny üýtgetmek üçin edilýän zat däl. Emma ol eýran režimini kör edýär we söwda gämilerine azar bermek mümkinçiliginden mahrum edýär. Bu bolsa düýp manysynda ABŞ-nyň milli howpsuzlyk bähbitlerine laýyk gelýär".
Keşmdäki operasiýa ABŞ-nyň eýran harby we deňiz nyşanalaryna garşy çäkli hereketleriniň yzysüre geçirildi. Olaryň arasynda raketa goýberilýän ýerlere öň urlan zarbalar we birnäçe hepde öň Eýranyň söwdasyna garşy amerikan gabawyny böwsüp geçmäge synanyşan söwda gämisine urlan zarba bar.
Tramp beýanatlarynyň äheňini ýumşadýar, diplomatiýa mümkinçiligi saklanyp galýar
Bu zarbalar harby gapma-garşylyk çözülmän galýan mahaly, Waşington bilen Tähranyň diplomatik gepleşiklere täzeden yşarat edýän wagtyna gabat gelýär.
Tramp bilen wise-prezident JD Wens soňky wagtlarda Eýranyň ýadro maksatnamasyny ýatyrmaga gönükdirilen gepleşikleriň ylalaşyk bilen tamamlanyp biljekdigini öňe sürdüler. Tramp sosial mediada nebitiň bahasynyň arzanlamagynyň Eýran bilen urşuň täzeden başlanmajakdygy baradaky garaýşyň güýçlenmegini şöhlelendirýändigini hem aýtdy.
Wens Waşingtonyň gepleşiklerde öňegidişlik gazanandygyny aýtdy. Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat wekili Ysmaýyl Bagaýi bolsa 2-nji noýabrda Tähranda žurnalistlere mümkin ylalaşyk barada gürrüň edip, "topuň ABŞ-nyň meýdançasyndadygyny" aýtdy.
"Talaplarymyz örän aýdyň we açyk beýan edildi. Eýranyň talaplary ýerlikli we manyly" diýip, Bagaýi aýtdy.
Eýran resmileri, şol sanda ýurduň ýokary lideri Mojtaba Hameneýi Waşington konflikti täzeden tutaşdyrsa, Tähranyň Ýakyn Gündogaryň çäginde-de, onuň daşynda-da jogap berjekdigini duýdurdylar.
Tramp birnäçe hepdeläp aralyk saýlawlardan soň giň gerimli harby operasiýalaryň täzeden başlanyp biljekdigine yşarat edipdi. Administrasiýanyň ýokary derejeli resmileri goşmaça howa zarbalaryny ara alyp maslahatlaşdylar we prezidente ykdysady sanksiýalary güýçlendirmek hem-de Eýranyň söwdasyna garşy gabawy giňeltmek ýaly birnäçe mümkinçiligi hödürlediler.
WSJ-niň habaryna görä, ABŞ-nyň Merkezi serkerdeliginiň başlygy admiral Bred Kuper geçen hepde konflikt barada Trampa maglumat bermek üçin Ak Tama bardy. Harbylar soňky hepdelerde sebite goşmaça raketa goranyş serişdelerini we ok-därileri hem geçirdiler. Bu has giň gerimli operasiýalary geçirmek mümkinçiligi üçin esas döredýär.
WSJ-niň maglumatyna görä, ABŞ-nyň resmileri Aýlag ýurtlaryna saýlawlardan az wagt soň geçiriljek gysga, ýöne güýçli harby operasiýa taýýarlyk görmegi hem aýtdylar.
Synçylar Eýranyň jogap gaýtarmak ähtimallygyny pes hasaplaýarlar
Garşydurmanyň möwjemek howpuna garamazdan, käbir synçylar Tähranyň soňky hüjüme ýiti jogap bermek ähtimallygynyň pesdigine ynanýarlar.
"Obsidian Risk Advisors" kompaniýasynyň Ýakyn Gündogar boýunça synçysy we sanksiýalar boýunça hünärmeni Brett Erikson Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna bu zarbalaryň howpludygyny, emma çemeleşmede düýpli üýtgeşmäni aňlatmaýandygyny aýtdy.
"Amerikanyň bu soňky zarbalary, elbetde, ot bilen oýnamak bolsa-da, olar soňky hepdelerde şaýat bolan çäkli harby çaknyşyklarymyzdan düýpli tapawutlanmaýar" diýip, Erikson aýtdy.
"Eýran şuňa meňzeş wakalara jogap bermekde özüni ep-esli derejede saklady. Şonuň üçin hut şu zarbanyň Tähranyň strategik hasaplamalaryny düýpgöter üýtgedýändigine ynanmaga kän esas göremok" diýip, ol aýtdy.
Nýu-Ýorkda ýerleşýän "Eurasia Group" toparynyň nebit boýunça hünärmeni we uly synçysy Gregori Brýu Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna soňky hüjümiň we beýleki täze habarlaryň Waşingtonyň öz operasiýalaryny diňe raketalary we dronlary tutup ýok etmek bilen çäklendirmän, eýsem, kenar ýakasyndaky eýran nyşanalaryna zarba urmak arkaly Ormuz bogazyna gözegçilik ugrunda işjeň göreş alyp barýandygyna yşarat edýändigini aýtdy.
"Bu zarbalary açyk yglan etmäge isleg bildirilmezligi ABŞ-nyň dartgynlygy güýçlendirmek isleýändigi baradaky düşünjäni döretmekden çekinýändigini görkezýär" diýip, Brýu aýtdy.
"Has gyzykly ýeri bolsa Eýranyň jogap gaýtarmagyň deregine, bu zarbalara çydamaga taýýar bolmagydyr. Iki tarap hem bogazyň ýagdaýyny kesgitlemek ugrunda göreş alyp barýarka, çaknyşygyň belli howplaryny nazara alýan ýaly görünýär".
Forum