Bizi yzarlaň
ABŞ 10-njy noýabrda irden Abu-Dabide başlanan Waşington, Kiýew we Moskwa arasyndaky gepleşiklerde Orsýetiň Ukrainadaky urşuny tamamlamakda çynlakaý öňegidişlik gazanmak üçin "hakyky mümkinçilik" görýär. Bu barada žurnalistlere ýokary derejeli amerikan resmileri aýtdylar.
Ukrain harby güýçleriniň uly derejede bil baglaýan "Starlink" sputnik internet hyzmatlaryny ulanmagyna girizilen çäklendirmeler baradaky jedelleriň artýan döwründe ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp kompaniýanyň ýolbaşçysy Elon Maskyň Kiýew babatyndaky çäklendirmeleri aýrandygyny öňe sürdi.
Döwlet sekretary Marko Rubio şu hepdäniň aýagynda Özbegistana sapara barýarka, Waşington bu ýokary derejeli diplomatik gatnaşyklaryň ykdysadyýet we howpsuzlyk ugurlarynda anyk hyzmatdaşlyga öwrülmegine umyt baglaýar.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Ukrainanyň, Ýewropanyň we hatda Respublikan partiýasynyň resmileriniň berk tankytlaryna garamazdan, Orsýetiň dizel ýangyjynyň eksportyna rugsat bermek baradaky kararyny gorady.
ABŞ häkimiýetleri "A7" maliýe ulgamyny "ähmiýetli transmilli jenaýatçylykly gurama" hökmünde kesgitledi. Bu ädim sanksiýalaryň daşyndan aýlanyp geçmek boýunça Kreml tarapyndan goldanýan giň gerimli shemanyň öňüni almak boýunça günbatar häkimiýetleriniň eden iň soňky çäreleriniň çägine girýär.
Ýene-de ýükle