ABŞ-nyň kanun çykaryjylary Ukraina has köp harby kömek bermäge we Orsýete garşy girizilen sanksiýalary güýçlendirmäge niýetlenen kanunçylygy öňe sürdüler prezident Donald Tramp gaýtadan saýlanaly bäri, Ak Tamyň garşylygyny ýeňip, şeýle uly kanunçylyk taslamasy ilkinji gezek öňe sürülýär.
Respublikanlaryň gözegçiligindäki Wekiller öýüniň 4-nji iýunda 218-204 hasabynda beren sesi Ukrainany goldamak kanuny üçin gutarnykly ses berilmegine ýol açdy. 3-nji iýunda geçirilen ses berişlikde respublikan deputatlaryň alty sanysy demokrat kanun çykaryjylara goşulan hem bolsa, onuň gutarnykly tassyklanyp-tassyklanylmajagy belli bolmady.
Bu çäre demokratlaryň we kiçi bir respublikan toparynyň goldawy bilen öňe sürüldi we Trampyň partiýasynyň içinde ABŞ-nyň Ukraina we Russiýa baradaky syýasaty babatda dörän bölünişikleri görkezdi.
Ukrainany goldamak hakynda wekil Gregori Miks (Demokrat-Nýu-Ýork) tarapyndan hödürlenen kanun harby maliýeleşdirme üçin Ukraina 8 milliard dollar möçberinde karz berer, Ukraina Howpsuzlyk Kömek Başlangyjyny (USAI) 2027-nji ýyla çenli uzaldar we Russiýa garşy goşmaça sanksiýalary girizer.
Miks geljekki jemleýji ses berişligi "taryhy ähmiýetli" diýip häsiýetlendirdi, Orsýetiň çozuşyny bolsa, "Ikinji Jahan urşundan bäri Ýewropada turan iň uly gury ýer urşy" diýip atlandyrdy. Onuň sözlerine görä, bu çäre Kongresiň Ukrainany goldajakdygyna we "biziň gymmatlyklarymyzy gorajakdygyna" synag bolar.
Nebraska ştatynyň wekili, Respublikan partiýadan bolan goldawçylaryň biri Don Bekon bu netijäni gutlady.
“Wekiller öýi ýaňy-ýakynda Ukraina harby kömek bermäge we Orsýete garşy berk sanksiýalary girizmäge ýol açmak baradaky petisiýany ilerletmek üçin 218-204 hasabynda ses berdi” diýip, Beýkon aýtdy. “Bu biziň Çerçill pursadymyz we biz bu synagdan geçmeli” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Bu kanunyň tarapdarlary ses berişligiň Orsýetiň Ukraina edýän raketa we dron hüjümlerini güýçlendirýän möhüm pursatynda geçirilýändigini belleýärler.
Ukrain prezidenti Wladimir Zelenski Waşingtona goşmaça howa goranyş ulgamlaryny, hususan-da Orsýetiň atan ballistik raketalaryndan goranmaga ukyply “Patriot” tutujylaryny bermegini sorap, birnäçe gezek ýüz tutdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio Wekiller öýündäki ses berişlikden birnäçe sagat öň Kongres agzalarynyň öňünde eden çykyşynda Orsýetiň harby kampaniýasyna geň galarlyk derejede kesgin baha berdi we Moskwanyň ilkinji uruş maksatlaryna ýetip bilmändigini, häzirki wagtda gepleşikler arkaly yzlaýan maksatlaryna hem hiç haçan ýetip bilmejekdigini aýtdy.
“Meniň pikirimçe, häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerindäki synçylaryň köpüsiniň pikir-garaýyşlarynda şübhe ýok, şeýle-de men Orsýetiň içindäki käbir adamlaryň pikir-düşünjesinde Ukraina edilen çozuşyň olar üçin strategik betbagtçylyk bolandygyna şübhe ýok diýerdim” diýip, Rubio kanun çykaryjylara ýüzlenip aýtdy.
"Anygy, olar özleriniň çozuşyň ilkinji gününde öňde goýan maksatlaryna ýetip bilmezler, elbetde, we, belki-de, olar häzir gepleşiklerde talap edýän maksatlaryna hem harby taýdan ýetip bilmezler."
Rubio soňky hepdelerde ukrain güýçleriniň söweş meýdanlarynda öňe ilerländigini we Orsýetiň içine uzak aralykdan urlan zarbalary amala aşyrmakda barha netijeli bolandygyny aýtdy.
"Ukrainalylar diňe bir batyrgaý söweşmek bilen çäklenmän, eýsem netijeli söweşýärler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Döwlet sekretary Waşingtonyň özüni bu çaknyşykda bitarap aktýor hasaplamaýandygy barada aýdanlaryny ýene bir gezek gaýtalady.
"Biz Orsýete sanksiýa girizdik we ukrainlere ýarag bilen üpjün edýäris we satýarys..." diýip, Rubio ABŞ sanksiýalarynyň Kiýewe däl-de, Moskwa gönükdirilendigini sözüne goşdy.
Şol bir wagtda, Rubio bu konfliktiň ahyr netijede söweş meýdanynda çözülip bilinmejekdigini hem öňe sürdi.
"Bu urşuň harby çözgüdi ýok. Onuň gepleşikler arkaly çözülmegi gerek" diýip, ol, Orsýetiň we Ukrainanyň talaplarynyň arasyndaky tapawudyň uly bolup galmagy sebäpli, parahatçylyk tagallalarynyň togtadylandygyny hem boýun aldy.
Şeýle-de, Rubio administrasiýanyň Ukraina üçin 400 million dollarlyk täze harby kömek paketini taýýarlaýandygyny mälim etdi.
Bu maliýeleşdirme Kongres tarapyndan ygtyýar berlen Ukraina Howpsuzlyk Kömegi Başlangyjyndan gelip çykýar we Pentagona enjamlary we ok-därileri gönüden-göni ABŞ-nyň goranyş potratçylaryndan satyn almaga mümkinçilik berer.
Bu habar Waşingtonda Ukraina berilýän harby goldawy baradaky çekişmeleriň dowam edýän wagtynda we kanun çykaryjylaryň käbiriniň ABŞ-nyň ýarag gorlary barada bildirýän aladalarynyň fonunda yglan edildi.
Forum