ABŞ-nyň Ýaragly güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň başlygy, general Maýkl Kurilla, Eýran howpuna garşy göreşi utgaşdyrmak üçin, 11-nji aprelde Ysraýyla geldi. Onuň Ysraýylyň harby ýolbaşçylary bilen duşuşmagyna garaşylýar.
ABŞ-nyň aňtaw gullugyna ýakyn anonim çeşmäniň "Bloomberg" habar gullugyna aýtmagyna görä, mesele indi Eýranyň Ysraýyla hüjüm edip-etmejekdigi däl-de, haçan hüjüm etjekdigi bolup durýar.
ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden üçünji gün özüniň Ysraýyla "gyşarnyksyz" goldaw berýändigini tassyklady.
Ol Ýaponiýanyň premýer-ministri Fumio Kişida bilen Ak tamda geçirilen metbugat ýygnagynda Eýranyň "Ysraýyla çynlakaý zarba urmak haýbatyny atýandygyny" tassyk etdi.